Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama bäsleşiginde ýer eýelerini utup, ilkinji taryhy ýeňşini gazandy. Oýun Bişkek şäherindäki «Gazprom» sport toplumynyň meýdançasynda geçdi we 3:1 hasabynda tamamlandy.
Müňlerçe janköýerleriň güýçli goldawy bilen gyrgyz futzalçylary oýny howply hüjümler bilen başladylar. Ilkinji 20 minudyň dowamynda türkmenistanly oýunçylar garşydaşlarynyň hüjümlerini gaýtaryp bildiler. Şeýlelikde 0:0 hasabynda arakesmä çykdylar.
Oýnuň ikinji yarymynda – 27-nji minutda Allamyrat Gurbanow hasaby açdy we şondan bir minut geçenden soň Daýanç Garajaýew hasaby ikä ýetirdi. 31-nji minutda ýer eýeleri bir gol urup, hasaby 2:1 ýetirdiler.
Oýnuň tamamlanmagyna 45 sekunt galanda ýer eýeleri derwezebany altynjy oýunçy bilen çalyşýarlar. Toparymyzyň derwezebany tutan topuny garşydaşlarynyň boş derwezesine urup, hasaby 3:1-e ýetirýär.
Oýundan soň Gyrgyzystanyň futzalçylarynyň baş tälimçisi, gazak hünärmeni Amirjan Mukanow biziň derwezebanymyzyň oýnuna uly baha berdi. Ol Türkmenistanyň toparyndan utulandan soň, Gyrgyzystanyň futzalçylary kyn ýagdaýa düşdüler – diýdi.
Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow türkmen futzalçylaryny ýeňiş bilen gutlady we indiki duşuşyklarda üstünlik arzuw etdi.
Indiki oýun biziň toparymyz bilen Eýranly futzalçylaryň arasynda bolar. Beýleki oýunda Maldiwanyň we Gyrgyzystanyň futzalçylary duşuşarlar.
Aziýanň Kubogy – 2022 yaryşlarynyň futzal boýunça 16 sany güýçli ýygyndylaryň final bäsleşigi şu ýylyň 25-nji sentýabryndan 20-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçer.
«TürkmenGazet».