Habarlar

Kalby hem saz ýaly halypanyň döredijilik agşamy

12-04-2022 / 14

Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň uly mugallymy, kompozitor Suhan Tüýliýewiň 65 ýaş ýubileýi mynasybetli halypanyň döredijilik agşamy geçirildi.

Duşuşyga kompozitoryň ýakynlary we dogan-garyndaşlary, onuň üýtgeşik zehinine sarpa goýýan köp sanly adamlar, ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de halypanyň şägirtleri ýygnandylar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň hory, simfoniki orkestri, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Röwşen Baýramow, Dünýägözel Begalyýewa, Güljemal Taýlyýewa ýaly aýdymçylaryň, şeýle-de Nury Halmämmedow adyndaky halkara bäsleşiginiň ýeňijisi (Gran-pri) Bahram Dolyýew, Kakageldi Hojalekow, Wepa Ödäýew, Baýramgül Ahmedowa, Didar Ýomudow, Nepes Jumageldiýew, Şirhan Batyrow ýaly sazandalaryň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýew, Nury Muhyýew we Döwletmämmet Ökdirow dagylaryň dirižýorlyk etmeklerinde «Türkmen binasy», «Ezizim», «Uzuklar» sazly rowaýaty, «Dünýe, heý!», «Gözelim», «Döwletli döwran geldi» ýaly birnäçe ajaýyp sungat eserleri ýaňlandy.

Kompozitor Suhan Tüýliýewiň ady diňe Türkmenistanda däl, onuň çäginden daşarda-da uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, tanymal kompozitor we alym Türkmenistanyň häzirki zaman kompozitorçylyk mekdebiniň täze nesline degişlidir. Ol köp sanly simfoniki, wokal-simfoniki, hor, kamera-wokal we kamera-instrumental eserleriň awtorydyr.

Kompozitoryň döredijiliginde watansöýüjilik temasy uly orny eýeleýär.  Onuň döreden dürli mazmunly romanslary nepis we ýagty lirika bilen tapawutlanýar. I.Nuryýewiň goşgularyna döreden «Uruşdan gelmedik agam» we «Ýol aýdymy», G.Ezizowyň goşgusyna döreden «Güýz» atly romanslary, A.Taganowyň goşgusyna döreden «Ezizim», Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden «Dünýe, heý!» atly üç bölümli wokal toplumy uly meşhurlyga eýedir.

S.Tüýliýew kompozitorçylyk kärinden daşary uly ylmy we saz-pedagogiki işlerini alyp barýar. Onuň ylmy işlerine «Türkmen sazynyň aýratynlyklary we olaryň kompozitor döredijiligine täsiri» atly kandidatlyk dissertasiýasy, ýörite sazçylyk mekdepleri üçin ýazylan «Saz teoriýasynyň esaslary» we ýokary okuw mekdepleri üçin ýazylan «Türkmen sazynyň teoriýasy» ýaly okuw kitaplary degişlidir.

Güljemal DURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu