SliderTrend we gözellik

Pomidor bilen gözelleşmek mümkinmi?

11-04-2022 / 21

Miwe we gök önümler deri üçin ajaýyp täsire eýedir. Pomidoryň deri üçin aýratyn peýdalydygyny bilýärsiňizmi?

Pomidoryň güýji

Işdäaçarlarymyz we ertirlik naharymyz üçin peýdalanýan gyrmyzy reňkli pomidorlarymyz antioksidantlaryň uly çeşmesi hasaplanýar. Mundan başga-da, onuň ýürek we süýji keseli ýaly dürli keseller üçin peýdalydygy mälimdir.

Pomidor maskasy

Siz gaty ýakymly maska ​​bolan pomidor maskasyny taýýarlamaga taýynmy? Ilki bilen maskany taýýarlamak üçin 1 pomidor, 1 nahar çemçesi süle, 1 çaý çemçesi krahmal we 1 çaý çemçesi zeýtun ýagy gerek. Pomidory kiçiräk tabaga dogramaly we ony ýuwaşlykdan gyzdyryp başlamaly. Biraz gyzdyranyňyzdan soň, ýokarda agzalan önümleri goşup, olary gowy edip garmaly. Taýýar bolan maskany ýüzüňize gowy edip çalyň. Üns beriň! Gözüňiziň töweregine maskany çalmaň. Soňra 15 minut garaşyň. Bu amallary ýerine ýetireniňizden soň, ýüzüňizi ýyly suw bilen ýuwup, gündelik ideg kremiňiz bilen deriňizi rahatlandyryp bilersiňiz. Bu maskany hepdede bir gezek ulanmak peýdaly bolar.

Bellik: Pomidora allergiýasy bar bolan adamlara bu maskany ulanmak bolmaýar!

Pomidor maskasy deriňizi zyýanly gün şöhlesinden hem goraýar. Düzüminde antioksidantlaryň çeşmesi bolansoň, deriňizi hapa we bakteriýalardan arassalaýar hem-de deriňizi ýalpyldadýar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu