Habarlar

Geçen hepdede eksport geleşikleri $24,3 milliondan geçdi

11-04-2022 / 11

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy, diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem-de «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 304 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, polipropilen plýonkasynyň granulýatyny we aglomeratyny, gyzdyrylan nebit koksuny, «Türkmenaglomerat» kondisiýasyz polipropileni, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 45 million 547 müň manatdan gowrak boldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu