SliderŽurnalistiň sahypasy

TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: medeni hyzmatdaşlygyň netijeleri

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda

10-04-2022 / 16

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň medeni ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri — geçmişimiziň baý taryhy hakydasyny halkymyza we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. Bu maksatlary amala aşyrmakda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyklary ýakyndan ýardam edýär.

ÝUNESKO-nyň medeni mirasy goramaga, taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamaga we tebigy täsinlikleri dünýä ýaýmaga esaslanýan maksady Türkmenistanyň syýasy strategiki ýörelgeleri bilen kybapdaşdyr. Hut şonuň üçin hem bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň döwletimiziň daşary syýasatynda ileri  tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda bu guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edilip, 1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär.

Mälim bolşy ýaly, taraplaryň özara bähbitli, işjeň hyzmatdaşlygynyň geçen taryhy döwrüniň dowamynda köp sanly işler durmuşa geçirildi. Ilkinji nobatda, Türkmenistan 1994-nji ýylda bu guramanyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna, 2011-nji ýylda «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň başga-da 12 sany möhüm Konwensiýalaryna goşulmak bilen, hyzmatdaşlygyň halkara kadalaryny giňden goldaýandygyny doly subut edýär.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärliklerimizi goramakdan, ählitaraplaýyn öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynyň çäklerinde Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde «Gadymy Merw» (1999ý.), «Köneürgenç» (2005ý.),  «Nusaýyň Parfiýa galalary» (2007ý.) döwlet medeni-taryhy ýadygärlikleri, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna bolsa, «Görogly» şadessany (2015ý.), «Nowruz baýramy» (2016ý.), «Küştdepdi» (2017ý.) türkmen milli aýdym-tans sungaty, Türkmen milli halyçylyk sungaty (2019ý.) «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» (2021ý.) ýaly gaýtalanmajak gymmatlyklarymyz girizildi.

Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 2021—2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereket etmegiň täze meýilnamasy hereket edýär. Meýilnama laýyklykda, ÝUNESKO-nyň özboluşly şäherleriniň Ählumumy toruna: «Çeperçilik» diýen döredijilik ulgamynda paýtagtymyz nowjuwan Aşgabady; «Senetçiler we halk döredijiligi» diýen ulgamda Türkmenabady; «Edebiýat» diýen ulgamda bolsa Mary şäherini girizmäge taýýarlanyldy we derwaýys işler ýola goýuldy. Mundan başga-da, bu sanawa indiki nobatda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşen Dehistan, Sarahs, Amul ýaly gadymy türkmen şäherleriniň ýadygärlikleriniň, Ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatynyň, «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň üstünde işlenilmegi we hödürlenilmegi türkmen halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şonuň ýaly-da, türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli aýratynlygyny  açyp görkezýän  türkmeniň «Ak öýi», türkmen milli lybasynda aýratyn üns çekýän, tüýleri buýra-buýra, seçelenip duran silkme telpegi, «Dograma» milli nahary hem gaýtalanmajak, özboluşly sungat derejesinde ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna goşulmaga mynasypdyr.

Häzirki wagtda türkmen halkymyzyň özboluşly milli mirasyny, medeni gymmatlyklarynyň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak, aýawly saklamak,  geljekki nesillere ýetirmek we ylmy esasda öwrenmek, olaryň ähmiýetini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde wagyz etmek, dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak babatynda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ylaýta-da, milli metbugatyň, teleradioýaýlymlaryň,  web-saýtlaryň, nusgawy edebiýatymyzyň üsti bilen Türkmenistan ― ÝUNESKO hyzmatdaşlygynyň taryhy, onuň çäklerinde gazanylýan üstünlikleri, hususan-da ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli sanawyna giren taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň aýratynlyklary we ähmiýeti halk köpçüligine yzygiderli  wagyz edilýär.

Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu