Bäsleşigiň Düzgünnamasy gazetiň 9-njy apreldäki sanynda çap edildi. Düzgünnamany siziň dykgatyňyz ýetirýäris:
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, geljek 30 ýyla niýetlenilen Milli maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça öňde duran möhüm wezipeleri kesgitledi. Şol wezipelerden ugur alyp, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly, beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň röwşen ýoly» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen şanly sepgitleri şöhlelendirmekden, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleri giňden açyp görkezmekden ybaratdyr. Hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) Garaşsyz ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler beýan edilmelidir. Oçerkler jemgyýetiň öňdebaryjylaryna, uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän döwürdeşlerimize, zähmet adamlaryna bagyşlanmalydyr.
Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň röwşen ýoly» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) iberilmelidir. Awtorlar redaksiýa ugradýan işlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.
Bäsleşige iberilen eserler bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, şu ýylyň 15-nji dekabryna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.