2022-nji ýylda eziz Diýarymyzda birnäçe möhüm halkara çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow 8-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek möhüm halkara çärelere taýýarlyk işleri dowam edýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumy bar.
«TürkmenGazet».