9-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada iş sapary bilen geldi.
Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym we bilim, syýahatçylyk ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma beýan edildi. Ýurtlaryň ikisinde-de ösdürilmegine we höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýän sport ulgamynda-da netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine iki döwletiň çuňňur gyzyklanýandygyny belläp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ýola goýulýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Hazar deňzini özleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, söhbetdeşler gämi gurluşygy ulgamynda özara hereket etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
«TürkmenGazet».