Uzak ülkeleriň birinde bir garyp maşgala ýaşapdyr. Olar gün-güzeranlaryny kynçylyk bilen dolandyrar ekenler. Günlerde bir gün agyr kesele uçran ene ýekeje ogluny ýanyna çagyryp:
― Diňle, oglum! Biziň durmuşymyz kynçylykda geçdi. Saňa bir kitap goýmakçy, bu kitapdaky amallary berjaý etseň, gaty baý bolarsyň ― diýipdir.
Ol köp wagt geçmän dünýäsini täzeläpdir. Oglan şol kitaby okap başlapdyr. Kitabyň başynda: «Hazyna ýetmek üçin bir sahypadan bökmän okaň! Sahypa geçseňiz, hazyna ýetip bilmersiňiz!» diýlip ýazylypdyr. Onsoň oglan uly güýç bilen bu kitaby okamaga başlapdyr. Kitap arap dilinde ýazylan eken. Kitaby terjime etdirmegiň ýerine arap dilini öwrenip başlapdyr. Ahyrynda arap ýazgylaryny gaty gowy derejede okap bilmegi başarypdyr.
Belli bir wagtdan soňra kitap hytaý dilinde bolupdyr. Ýigit tutanýerlilik bilen bu dili hem öwrenipdir. Şeýdibem, paýtagtyň iň gowy terjimeçileriniň birine öwrülipdir. Kitabyň indiki sahypalarynda hazynany nädip dolandyrmalydygy barada görkezmeler hem goşulypdyr. Ol bu gezek ykdysadyýet we söwda ugurlaryny, şeýle hem hazyna eýe bolanyňdan soňra, aldanmazlyk üçin gymmatly zatlaryň bahasyny kesgitlemegi öwrenipdir.
Ol ýigidiň ady has şöhratlanyp, köp dili bilýän, halka gowy düşünýän adam hökmünde soltana ýetipdir. Patyşa ony öz welaýatynyň baş häkimi edip belläpdir. Kitabyň soňunda eserde has köp tehniki maglumatlar hem berlipdir. Bu syrlary bilýän şo-ol garry aýalyň ogly akylly, hormatlanýan adam bolup ýetişipdir. Netijede, energetika, şähergurluşyk ugrundan hem baş çykaryp bilipdir. Ýigidiň medeniýetine, bilimine gowy baha beren soltan, ony köşgüň orunbasary edip belläpdir. Şeýdip wezir bolupdyr.
Oglan kitabyň soňky sahypasyny okajak güni soltanyň gyzyna öýlenipdir. Soňky sahypany açanda… Iň soňky sözlem şeýle eken: «Bilim — iň uly hazyna».
Türk dilinden terjime eden Nowruz KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.