Şöhratly taryhymyza ser salsaň, türkmen bolup doglanyňa buýsanjyň artýar. Parasatlylygyň iň ýokary derejesini görkezen pederlerimiziň her bir döreden sungaty ajaýyp gymmatlyga öwrüldi. Gamly wagtyň derdiňi ýeňledýän, toý gününde toýuň şowhuny hasaplanýan ajaýyp senet bolan dutarymyz pederleriň bize miras goýan ajaýyp gymmatlygydyr.
Şabram şelpe, birnäçe dürli kakuwlar bilen çalynýan iki kirişli bu täsin senediň jadylaýjy täsire eýe bolup, ýaman niýetli adamlary hem pälinden gaýtarandygy baradaky maglumatlar biziň üçin aýratyn buýsançlydyr. Gündogara syýahat eden ýewropaly hem-de rus alymlarynyň ençemesi bu näzik owazly saz guralynyň täsin aýratynlygy, özboluşlylygy, onuň güýji, gudraty hakynda täsirli ýazgylar galdyrypdyr.
Dutaryň susak şekilli kädisi tut, hoz, erik ýaly agaçlardan köwlüp ýasalýar. Onuň kädisine erik agajyndan ýasalan 45 — 50 santimetr sap oturdylýar. Onda 13 sany perde we kirişleriň düzülişini üýtgedip durmak üçin 2 sany gulak ýerleşdirilýär. Dutar saz guraly ýekelikde çalmak we toýlarda bagşynyň ýanynda sazandalyk etmek üçin niýetlenendir.
Dutaryň gadymy taryhyna seretsek, bu guralyň saz çalmak bilen birlikde, kesel bejerijilik ähmiýetiniň hem bardygy mälimdir. Nerw dartgynlygynda, sussupeslikde, kellagyryda dutar diňlemegiň uly ähmiýetiniň bardygy anyklanyldy. Dutar diňlemek ynsany şatlandyrýar, göwnüňi galkyndyrýar. Dutar saz guralynyň adam saglygyna oňaýly täsirleri ylymda hem subut edilendir.
Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň durmuşyndaky ajaýyp şanly wakalaryň biri hökmünde her birimiziň başymyzy belende göterdi.
Gunça ZIÝATDINOWA,
Dänew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň dutar hünäriniň mugallymy.