Habarlar

Nury Halmämmedow barada spektakl sahnalaşdyrylýar

08-04-2022 / 23

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzda geçiriljek geljekki teatr möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ussat kompozitor N.Halmämmedowyň döredijiligine we durmuş ýoluna bagyşlanan «Köňül tarlary» atly spektakly sahnalaşdyrmaga girişdiler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Oýun goýujy režissýor B.Mämmedow N.Halmämmedow bilen ýakyn şahsy gatnaşykda bolupdyr. Ol Moskwada okan talyp ýyllary goňşy ýaşap, gatnaşykda bolupdyrlar. Pýesa laýyklykda N.Halmämmedowyň çagalyk, ýetginjeňlik we ýetişen döwri görkeziler. Ç.Nurymowyň, A.Agajykowyň, şahyr G.Ezizowyň aýdymçy A.Garýagdyýewiň keşbini döredýän aktýorlar bilen duşuşyk tomaşaçylar üçin ýakymly bolar.

N.Halmämmedowyň keşbini döretmek bagty aktýor M.Gurbanowyň bagtyna düşüpdir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu