Sportuň iň giň ýaýran görnüşleriniň biri bolan şaşka oýuny gyzykly sport görnüşleriniň biri hasaplanýar. Şaşka gyzykly we tolgundyryjy tagta oýunydyr. Bu oýun adam saglygyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Ýadawlygyň aýrylmagyna, dartgynlylygyň gowşamagyna, kelle beýnisiniň tiz işlemegine-de oňyn täsirini ýetirýär. Şaşka oýnan wagty adamyň kelle beýnisindäki damarlary giňelip, gan aýlanşygy kadalaşýar. Biz hem şaşka baradaky gyzykly maglumatlary size ýetirmekligi makul bildik.
- Sportuň gyzykly görnüşi bolan şaşka oýuny gadymy döwürlerden bäri meşhur oýunlaryň biri hasaplanylýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, onuň ilkinji Gadymy Müsürde ýüze çykandygy barada subutnamalar ýüze çykarylypdyr.
- Ylmy barlagçylar şaşka oýnunyň Alkirk oýunyndan (Mawritaniýada) dörän bolsa gerek diýip çaklaýarlar. Mawritaniýada ýüze çykan bu oýnuň her tarapynda 12 çöp ulanylyp, ol bir düzgüne esaslanypdyr. Garşydaşyň çöpüni almak üçin onuň üstünden bökmeli bolupdyr.
- Ispaniýada 1591-nji ýylda şaşka baradaky ilkinji kitap neşir edilýär. Ýöne ondan öň hem 1547-nji ýylda bu ýerde şaşka oýunyna bagyşlanan işleriň bolandygy barada hem birnäçe maglumatlar bar. Emma bu kitap näbelli sebäplere görä ýitipdir.
- Şaşka boýunça ilkinji çempionat 1847-nji ýylda geçirilip, şondan bäri hem sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilip gelinýär.
- Şaşkada küştden tapawutlylykda, güýmenjeleri gadagan etmezlige rugsat berilýär. Ýagny onda birnäçe düzgün bozulmalara rugsat berilýär.
- Şaşka oýnamaga bolan ukyplylyk rysar biliminiň möhüm bölegi bolupdyr.
- Şaşka oýnamak boýunça iň güýçli şäher Moskwa hasaplanylýar. Moskwadaky bazarlaryň biri yzygiderli şaşka janköýerleriniň ýygnanýan ýeri hasaplanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen gizlin ulanylýan tilsimleri gizlin saklamak üçin her dürli hileleri peýdalanýan oýunçylar ýüze çykyp başlapdyr.
Tagandurdy EÝÝÄMBERENOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.