Habarlar

Jek Dorseý: «Internetiň ýeten nokadyna ökünýärin»

08-04-2022 / 9

Twitteri esaslandyryjy Jek Dorseý, häzirki wagtda internetiň ýeten nokadyndan asla kanagatlanmaýandygyny we interneti ösdürmekde goşant goşandygyna ökünýändigini aýtdy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Twitter-iň baş direktory wezipesinden çekilen Jek Dorseý internetiň ýeten nokady barada birnäçe sözleri aýtdy. IRC ýaly protokollaryň ulanylan wagtlaryny sypdyrandygyny aýdan Dorseý, internetiň häzirki ýagdaýyna jogapkärdigine gynanýandygyny aýtdy.

Dorseý şahsy twitter hasabynda ýazan teswirinde şeýle diýdi: «Usenet, IRC, web, PGP we e-poçta gaty gowy. Kompaniýalar interneti öwrenmegi we şahsyýetleri saklamagy merkezleşdirensoň, internet hakykatdanam uly täsir galdyrdy. Munuň üçin bölekleýin günäkärdigime düşünýärin we gaty ökünýärin».  

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu