PsihologiýaSlider

Birmeňzeş mähir

06-04-2022 / 17

Janly-jandarlar hem edil ynsanlar ýaly öz balalarynyň daşynda perwaz urup, olaryň aladasyny edýärler, howp-hatardan goraýarlar.

Ýyrtyjy guşlar öz jüýjelerini hiç bir azar ýetirmesizden çüňklerinde saklap, uzak aralyga äkitmegi başarýarlar.
Ýarganatlar howpsuz ýer tapýançalar 2-3 günläp öz çagalaryny arkalaryndan düşürmän uçýarlar.
Pişikleriň öz çagalaryny agzynda ondan-oňa geçirýändigini köp görýäris. Ýolbarslaryň iň ýowuz duşmany garynjalar. Garynjalar sebäpli ýolbarslar hem günüň dowamynda ençeme gezek öz çagalaryny ondan-oňa geçirmeli bolýarlar. Olar garynjalar çöp-çalamyň üstüne çykyp bilmez diýen pikir bilen gamyşly, çöp-çalamly ýerleri mesgen edinýärler.
Aksilokop diýen guş ýumurtgasyny guzlap ölýär. Özem muny öňünden bilýär. Jüýjeleriniň ýetişip, uçuşa çenli iýjek zatlaryny öňünden toplaýar. Ol höwürtge edinen daragtyny çüňki bilen deşip, uzyn bir deşik edýär. Şol uzyn deşigi ene guş jüýjeleriniň bir ýyllap iýmeklerine ýeter ýaly iýmitler, gülleriň baldaklary, bilen dykyp doldurýar. Jüýjeler bir ýyllap şol deşikdäki azyk gorlaryndan iýmitlenýärler.
Atlar öz taýçanaklaryna zulum edilen ýerden aňsat-aňsat gitmeýärler. Iýmekden, içmekden kesilýärler. Käte olaryň jiger-bagyrlaryny paralap, hasratdan pida bolýan pursatlary hem bolýar. Towuklar, ördekler, itler käte öz çagalarynyň ýanyna baran adamlaryň üstüne özlerini zyňýarlar. Gorky-ürkini unudyp, çagajyklaryny goraýarlar.

Şazada EREŞBAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu