Şu gün — 6-njy martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň we abadançylygyň ak ýoly» bilen atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda ýurdumyzyň tanymal medeniýet we sungat işgärleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň döwletimizi abadançylygyň ýoly bilen köpugurly ösdürmekde alyp barýan tutumly işlerine özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler. Maslahatyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlarda Watanymyzyň ähli künjeginde amala aşyrylýan beýik işleriň waspy belentden ýaňlandy.
«TürkmenGazet».