PsihologiýaSiziň üçin...Slider

Üstünligiň 7 açary

05-04-2022 / 18

Başarjaň bolmak, haýsydyr bir işden ussatlarça baş çykaryp bilmek, elbetde, ählimiziň esasy maksatlarymyzyň biri. Onsoňam şahyryň:
Öz seçen kärini oňarsa her kim,
Ýarpy ýeňledermiş dünýäniň ýükün,
Ýekeje hünäre ýöretseň höküm —
Iliňe bergidar bolmaýşyň besdir
— diýen setirleri-de ýadyňyzdadyr. Ýöne başarnyk, üstünlik diýilýän zatlaryň her kime gelşi hem deň däl. Kime ol garaşylmanka durka gelýär, kim bolsa onuň ugrunda ylgap, bütin ömrüni geçirýär. Eýsem, «Üstünlik haçan tötänleýin gapymy kakarka?» diýip, garaşyp ýörmän, onuň gelşini tizlendirmek üçin näme etmeli? Dogry, bu sowalyň, belki, ýüzlerçe jogaby bar. Şolaryň içinden birini hem-de peýdaly bolar diýip hasaplanymyzy okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Geliň, üstünlik 7 gapyly binanyň içinde diýip göz öňüne getireliň! Onda bize 7 sany açar gerek bolar. Ine, şol açarlar:

  1. Jogapkärçilikden gaçmaň. «Jogapkärçilik» diýen düşünje şeýle bir giň welin, onuň asyl aňrysyna ýeter ýaly däl. Biz, onuň gysgajyk bir bölegine akyl ýetirmäge synanşalyň. Biler bolsaňyz, jogapkärçilik hem ýaşymyza görä toparlara bölünýän eken. Şonuň üçin, ilkinji ädim öz ýaşymyza görä, başaryp biljek işimiz babatda jogapkärçilik çekmek. Öz üstümize jogapkärçilik almaýan bolsak ýa-da bize jogapkärli işi ynanmaýan bolsalar, onda bu keselimiziň daş-töweregimizdäkilere hem ýokuşyp bilmek howpy bar. Eger jogapkärçilik çekmäge endik edimedik bolsak, günlerde bir gün öňümizde duş gelen päsgelçiligi ýeňip geçmäge hem güýç tapmarys. Şeýlelikde, öz şowsuzlyklarymyz üçin başgalary günäkärlemäge synanyşýarys. Bu bolsa biziň kem-kemden sopbaş galmagymyza getirer. «Ýekäniň çaňynyň çykmajakdygyny» ata-babalarymyz nakyllara siňdirip, aýdyp gidipdirler. Tersine, maksada okgunly adamlar jogapkärçiligi öz üstüne alýarlar. Bu bolsa gabat gelen päsgelçiliklerden çykalga gözlemegiň ilkinji şertidir.

Bir hakykat bar. Geçmişimizi gaýratyp getirmek, maşgala agzalarymyzyň ýa-da dostlarymyzyň hereketlerini, häsiýetlerini dolulygyna üýtgetmek biziň elimizde däl, ýöne biz öz hereketlerimize, umuman, özümize gözegçilik edip bileris ahyry! Diýmek, öz ykbalymyz üçin, ilkinji nobatda, özümiz jogapkär. Şuny ýatdan çykarmalyň!

  1. Maksat goýuň. Aslynda, «geňeşli biçilen donuň gysga bolmaýandygyny» çagalykdan aňymyza guýup ulaldyk. Eýsem, başyna baryljak gysga wagtlyk işi däl-de, tutuş ykbalymyzy hem maksatlara bölüp bileris. Ýöne: «Men uçarman boljak» diýeniň bilen, özüňden-özüň asmana göterlip gidibereňok. Maksatlaryň hem öz meýilnamasy bolmaly. Munuň üçin bolsa, ilkinji şert, şol meýilnamany dogry düzüp bilmekdir. Haýsy-da bolsa bir sepgide maksatsyz, meýilnamasyz ýetjek bolmak asla bişirip görmek tagamyňy özbaşdak bişirjek bolmak ýa-da ýat şäherde ýolgörkezijisiz salgy tapjak bolmak mysaly bir zatdyr. Garaz, gümürtük. Geliň, bir hakykaty ýene bir ýola ýatlalyň: ähli beýik ýeňişler anyk meýilleşdirmäniň miwesidir. Geljegimiz üçin maksat goýup, etmeli işlerimiziň anyk meýilnamasyny düzmäge girişeliňmi?!
  2. Kämillige ýol arçaň. Belki, siz hem: «Meniň başarmaýan işim, elimden gelmeýän zat ýok» diýýän adamlara gabat gelensiňiz. Emma üstünlik anyk bir işe baş goşan, bar ünsüni şoňa jemlän adamlaryň ýanyndadyr. Dünýä inip, tä şu ýaşyňyza çenli, kalbyňyzda arzuw baryny beslänsiňiz. Mugallymy görseňiz mugallym, lukmany görseňiz lukman bolasyňyz gelendir. Käte bolsa multfilmleriň, filmleriň täsirinden çykyp bilmän hemmeleri halas edip bilýän, bir elini asmana göterip, uçup bilýän ýa-da kerebi bilen howanyň ýüzünde gaýyp ýören «gahryman» bolmagy hem arzuw edensiňiz. Ýöne ýaşyňyzyň artmagy bilen arzuwlar azalýar. Iň soňunda olaryň biri ýa ikisinden başgasy nirädir bir ýere sumat bolýar. «Ukypsyz adam ýok, esasy zat, ukybyňa göz ýetirip bilmek» diýýärler. Hakykatdan-da, ukybymyzy anyk kesgitläp, ähli zehinimizi şoňa sarp etsek, üstünligiň gitjek ýeri nire?!
  3. Borjuňyza düşüniň. Ulag, jaý, dünýä syýahat etmek ýaly käbir umumy arzuwlar, islegler bolýar. Arzuwlary wasala ýetirmek üçin onuň maksat derejesine göterilmegi zerur. Maksada ýetmekde bolsa her kimiň öz ýoly bar. Göz öňüne getiriň — ylgamak ýaryşy. Türgenleriň hemmesi şol bir wagtda ylgap başlaýar, emma pellehanada garaşyp duran ýeňiş lentasyny diňe iň öňdäki türgen böwsüp geçip bilýär. Üstünlik gazanyp bilýän adamlar öz öňünde duran borja dogry düşünýänligi üçin ýeňşe ýetýändir. Belki, üstünlik käbir pidalary talap eder. Şuňa taýýar bolmak gerek.
  4. Orta ýoldan yza gaýtmaň. Anyk maksada uzan ýol göni we päsgelçiliksiz däldir. Ýolugra garaşylmadyk päsgelçilikleriň ençemesi bilen ýüzbe-ýüz bolup bileris. Muny gelen netijeleriňiziň özboluşly synagy diýip kabul ediň. Basym ýadaýan, gabat gelen ilkinji kynçylykda ýoluny üýtgetmäge taýýar adamdan üstünlige garaşyp bolarmy?! Bir hakykat bar: sizde maksat döräpdir. Maksatlar tarp ýerden döremeýär, oňa haýsam bolsa bir güýç sebäp bolýar. Siziň eliňizde şol güýjüň açary bar, ýöne sizi bir köseýän zat şol açaryň haýsy gapyny açjakdygyny bilmeýänligiňiz.
  5. Durmuşyňyzyň her bir pursadynyň gadyryny biliň we ondan lezzet alyň! Durmuş bilen garyşyp-gatylmak başarjaň adamlaryň iň esasy «syrlarynyň» biri. Maksada gönügen ýolsa iň uly goldawy, ilki özüňizden, soňra-da ýaşaýan durmuşyňyzdan alarsyňyz. Ýöne siz durmuşa nähili çemeleşseňiz, o-da siz edil şeýle çemeleşer. Şonuň üçin ony söýüň we eýe çykyň. Her pursadyň tagamyny dadyň, ondan lezzet alyň.
  6. Bu günki işi ertire goýmaň. Näme üçin soňrak ýa-da ertir? Näme üçin häzir däl? Belki ertir has möhümräk bir iş çykar, onsoň bu günki birigüne galaýmalymy? Biler bolsaňyz, edil häzirki pursadyň işini hut häzir ýerine ýetirmegiňem öz lezzeti bar. «Şun-a oňaraýdym! Ine, indi ertir başga işler bilen gümra bolubersemem boljak!» diýen ýaly içgepleştmeler her birimizde bolýandyr. Käte bolsa bu günki iş nähilidir bir gereksiz güýmenje üçin ertire goýulýar. Aýdaly, siz edil şu mahal bir işi ýerine ýetirmeli, ýöne gyzygan kompýuter oýnuňyzyň hem başyndan galyp bileňzok. Hamana, siz oýnuň belli çägine ýetmegi maksat edinipsiňiz-de, şoňa-da heniz ýetip bileňzok. Üstesine-de ýetjek bolup, ep-esli wagtyňyzy gidirersiňiz. Hany aýdyň, siz oýnaýan oýnuňyzda şol goýan maksadyňyza ýeteniňizden soň näme gazanýarsyňyz? Biraz rahatlyk diýäýmeseň, hiç zat. Ýöne siziň gaýragoýulmasyz, emma başyna baryp bilmän oturan işiňiz has möhümdir. Ony ýerine ýetireniňizden soňra bolsa, hakykatdan-da, gazanjak zadyňyz diňe rahatlyk bolmaz. Hany onda, ertire goýan işimize hut häziriň özünde girişeliň!

Selbi AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu