SliderŽurnalistiň sahypasy

Beýik menzillere çagyryş

05-04-2022 / 12

Ynsanlara täzeliklere uýgunlaşmak onçakly ýeňil düşmeýär. Bu häsiýet onuň tebigatynda bar. Şeýle-de bolsa, «sanly» durmuşa geçmekde hiç hili müşgillik bolmady. Bu-da sanly ulgamyň eçilýän nygmatlarynyň ynsana berýän rahaty bilen bagly bolsa gerek?! Hut sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna gündelik durmuşymyzda zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere barmazdan, menzil sökmezden, nobata durmazdan, oturan ýeriňde ýa-da gezip ýören çagyňda bitirmek mümkinçilikleri giňelýär. Milli Liderimiziň gol çekip, tassyklan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda durmuşymyza «sanly» özgertmeleriň eýýäm ençemesi ornaşdy. Sanly durmuşa gadam goýanymyza köp ýyl geçmedigem bolsa, kän zatlar babatda gymmatly wagtymyz tygşytlandy. Şunuň bilen birlikde, maglumatlary alyşmagyň tizligi artdy, zähmet öndürijiligi ýokarlandy.

Durmuşymyza sanly bilim ulgamyny pugta ornatmak işleri giň gerime eýe boldy. Çagalar heniz ak mekdebiň gapysyndan ätlän ilkinji pursatlaryndan ellerine okuw üçin gerekli bolan programmalar bilen üpjün edilen kompýuterleri sowgat alýarlar. Munuň özi ýaş nesilleriň hem-ä döwrebap tehnologiýalar bilen has içgin tanyşmagyna, hem-de geçýän okuw derslerini has täsirli özleşdirmegine kömek edýär. Muňa sanly ykdysadyýet eýýamyna taýýar şahsyýetleri ýetişdirmek üçin ilkinji ädim diýsek, dogry bolar.

Taryhyň giň durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, ylym we bilime esaslanýan özgertmelerdir amal edilýän işler hemişe ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji martda geçirilen mejlisinde: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip nygtady. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljekde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda täze wezipeler göz öňünde tutulýar.

Bilim — beýik menzillere çagyryş. Bilimli nesil — ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň täze tapgyry hem şöhraty belende göterilen türkmen döwletiniň synmaz kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň ýagty ertirleri üçindir. Diýmek, ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.

Serdarguly HAJYMOW,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu