Ony söz bilen suratlandyryp bolmaýar — diňe duýup bolýar. Söýgi wagt, logika we beýleki islendik kanunlara tabyn däldir. Söýgi baradaky psihologiki faktlary dykgatyňyza ýetirýäris:
- Adamlaryň köpüsiniň aşyklygy göz bilen baglanyşyklydyr. Bu ilkinji 30 sekundyň içinde bolup geçýär. Hereketde ilkinji göreniňde — söýgi!
- Adam ýuwaş-ýuwaşdan köp wagtyny bile geçirýän birine, mysal üçin, synpdaşyna ýa-da kärdeşine aşyk bolýar.
- Ýakyn adamyň elinden tutmak akyl we beden agyrysyny azaldar.
- Erkinlik bermek — söýgi gapma-garşylygy.
- Käwagt söýgi hem endige öwrülip biler.
- Geplemsek zenanlar we dymýan erkekler iň gowy jübütleri ýasamaga ýykgyn edýärler.
- Erkekler zenanlardan has çalt aşyk bolýarlar.
- Adam söýýän birini görse, ýürek urgusy islegsiz çaltlaşýar.
- Eger gujaklamagy gowy görýän bolsaňyz, biliň, gujaklamak käbir agyrylary tebigy ýagdaýda aýyrýar.
- Söýýän adamyň suraty hem agyryny aýyryp biler.
- Söýýän adamlaryňyza ýönekeýje minnetdarlyk bildirmek, derrew bagtyň döremegine sebäp bolýar.
- Geçirilen barlaglara görä, adamlar howply ýagdaýda biri-birine duşsa, asuda şertlerde duşuşanyndan has köp söýüşip biljek eken.
- Käbir adamlar ýakynlarynyň ýoklugyna çydap bilmän, akyl ýa-da fiziki kesel sebäpli birnäçe aýdan ýa-da birnäçe ýyldan soň olaryň özleri hem dünýäni terk edýärler.
- Adamlaryň 64% -i aýrylyşandan soň, daşky görnüşini üýtgedýärler.
- Depressiýanyň esasy sebäbi şowsuz söýgi wakalarydyr.
- Biz hemişe söýýän adamymyzy halaýan aýdymlarymyz bilen baglanyşdyrýarys.
- «Gatnaşykda iň möhüm zat — ynam» diýilse-de, iň möhüm zat — wagt. Wagtyň geçmegi bilen ynam, dostluk, çäksiz we aýrylmaz baglanyşyklar ösýär.
- Ýuwaş sesli erkekler has ýokary sesli erkeklere garanyňda, özüne çekiji bolup bilerler.
- Iki söýýän adam biri-biriniň gözüne 3 minut seredende, ýürek urşy sinhronlanýar.
Gülruh ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
ajaýyp