
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda 2-nji aprelde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça kabul edilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň guraýan çärelerine we duşuşyklaryna gatnaşmak arkaly ýaşlar boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.
Täze resminamada ýaşlary, ýaşlar guramalarynyň wekillerini we ýaşlaryň syýasatyny alyp barýan döwlet işgärlerini özara alyş-çalyş etmek; ýaşlar işleri boýunça iki döwletiň çäklerinde guralýan halkara maslahatlara we seminarlara gatnaşygy giňeltmek; bu ugurda tejribeleri we filmleri alyş-çalyş etmek; iki döwletiň çäklerinde geçirilýän ýaşlaryň festiwallaryna gatnaşmak ýaly anyk ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Ata-babalarymyzyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýan ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Her bir täze nesil öz ýurdunyň ösüşi, güýç-kuwwatydyr. Şonuň üçin-de, biziň ýurdumyzda ýaş nesli ähli taraplaýyn kämil edip ýetişdirmekde yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Iki dostlukly döwletiň arasynda kabul edilen ýaşlar bilen bagly täze Ähtnama hem täze pikirli türkmen ýaşlary üçin täze gözýetimleri, ajaýyp mümkinçilikleri açar. Bu örän buýsandyryjy ýagdaý.
Ýusup BABAKULOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.