3-nji aprelde Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini nazarlaýan özgertmeler maksatnamasyny, ilkinji nobatda, «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bina edilen täze dermanhana açyldy.
Ilaty derman serişdeleri bilen üpjün etjek bu desganyň Türkmenistanda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda açylmagy aýratyn bellärliklidir.
Tejen şäherinde täze açylan dermanhanada ýurdumyzda öndürilýän, şeýle-de Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň köp görnüşli derman serişdeleri, dürli lukmançylyk önümleri, keselleri anyklaýyş enjamlary hödürlenilýär. Mundan başga-da, dermanhanada weterinar bölüm bar.
Umumy meýdany 500 inedördül metre barabar bolan hem-de degişli talaplara laýyk gelýän täze dermanhana ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Tebigat Çeşmesi» hususy kärhanasyna degişlidir. Ýeri gelende aýtsak, bu kärhana ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şeýle desgalary dolandyrmagyň uly tejribesini toplady.
Şeýle hem onda müşderiler üçin niýetlenen giň we oňaýly söwda zaly, dermanlyk serişdeleriň, lukmançylyk enjamlarynyň bölümleri, weterinar bölüm, ammar jaýy göz öňünde tutuldy. Arakesmesiz we dynç günsüz işleýän dermanhananyň işgärler düzüminde farmasewtler, maslahatçy-lukmanlar we weterinarlar bar. Munuň özi müşderilere peýdaly maslahatlary almaga hem mümkinçilik berýär.
Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen dermanhana sanly ulgama birikdirildi. Bu ýerde dermanlyk serişdeleriň söwdasy nagt we nagt däl görnüşde amala aşyrylýar. Degişli maslahatlary almak isleýänler üçin sorag-jogap gullugy hereket edýär. Şeýle hem bu ýerde satyn alnan dermanlary eltip bermek hyzmatyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
«TürkmenGazet».