3-nji aprelde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna geldi.
Belent mertebeli myhmany institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew garşy aldy. Ter gül desseleri bilen duz-çörekli, mähirli garşylanan myhman institutyň baş binasynda guralan amaly-haşam sungatyna degişli sergini synlady. Serginiň dowamynda daşary ýurtly myhmanlar M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşa tomaşa etdiler.
Institutyň uly mejlisler zalynda bolan duşuşykda Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Peethambaran Naire institutyň rektoryna ýadygärlik poçta markasyny gowşurdy. Soňra Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňünde çykyş etmek üçin uly hormat bilen söz berildi. Belent mertebeli myhman öz çykyşynda Hindistanyň daşary syýasaty, rowaçlanýan türkmen-hindi gatnaşyklarynyň esasy ugurlary barada nygtap geçdi. Çykyşynyň dowamynda belent mertebeli Prezident Hindistan bilen baglanyşykly Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinden mysal getirmegi gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Soňra bolsa hormatly myhman institutyň içinde türkmen-hindi gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy esasynda döredilen “hindi burçuny” açyp berdi. Dostlukly döwletleriň kitaplary, saz gurallary bilen baýlaşdyrylan “hindi burçunda” ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Rüstemowa hindi dilinde çykyş etdi. “hindi burçunyň” tanyşdyrylyşynda ýurduň taryhy, medeni gymmatlyklary, däp-dessurlary, köpasyrlyk türkmen-hindi gatnaşyklary bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirilip, olar talyplaryň bu ýurdy has içgin öwrenmeklerine ýardam berer. Tanyşlykdan soňra Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.