Ozal habar berlişi ýaly, «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi 31-nji martda öz işini tamamlady. Geçen 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 1-ine başlan bu sergi 6 aý dowam etdi.
4,3 inedördül kilometr meýdanda guralan bu sergä 192 döwlet gatnaşdy. Sergi “Mümkinçilik, Ykjamlyk, Durnukly ösüş” atly esasy 3 bölümden ybarat boldy.
Internet çeşmelerinde beýan edilişi ýaly, sergini geçirmek üçin gurluşyk we guramaçylyk işlerine 7 millard amerikan dollary harçlandy. Birleşen Arap Emirlikleri bu serginiň göwnejaý we täsirli geçirilmegi üçin 8 ýyl taýýarlyk gördi. Geçirilen serginiň netijesi esasynda birnäçe şertnamalara we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekildi.
«Ykjamlylyk» atly tematiki zolakda ýerleşdirilen Türkmenistanyň milli pawilýony iki gatdan ybarat bolup, ýeten belent sepgitlerimizi giňişleýin beýan edendigini bellemek gerek.
«TürkmenGazet».