2-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi. «Oguz han» köşkler toplumynda guralan gepleşikler ikiçäk hem-de giňişleýin düzümde dowam etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen-hindi gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebit we ählumumy howpsuzlygy berkitmek, halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça özara gatnaşyklary ösdürmek, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy üpjün etmek, Owganystanda parahatçylygy berkarar etmäge ýardam bermek, energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly ugurlar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen nobatdaky gepleşikleriň esasyny düzdi.
Ýokary derejeli türkmen-hindi gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmen-hindi gepleşikleriniň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar:
— Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, predikat jenaýatlary we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda alşylan Ähtnama;
— Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
— Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
«TürkmenGazet».