SliderSport

Musulman dünýäsiniň göwheri

03-04-2022 / 12

Täçmahal — ak mermerden salnan kümmet bolup, musulman dünýäsiniň genji-hazynasy, hindi, pars we yslam binagärliginiň iň gowy nusgasydyr.

Täçmahal 1526 — 1707-nji ýyllar aralygynda Mogol imperiýasynyň paýtagty bolan Agra şäherinden iki kilometr uzaklykda, Jamna derýasynyň kenarynda gurlupdyr. Täçmahal Beýik mogollor dinastiýasynyň hökümdary, Beýik Akbaryň agtygy, Jahangir şanyň ogly Jahan şanyň biwagt aradan çykan söýgüli aýaly Mumtaz Mahalyň hormatyna gurduran kümmetidir. Bir rowaýata görä, derýanyň garşy kenaryndan gara mermerden binanyň taýy bina edilip, olary çal mermerden gurlan köpri birleşdirmeli eken.

Bäş gümmezli, uly göwrümli, owadanlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk bu mawzoleýiň gurluşygy ýigrimi ýyldan gowrak dowam edipdir (1630 — 1650-nji ýyllar aralygynda). Onuň gurluşygynda  ýigrimi müň adam zähmet çekipdir. Täçmahal gymmat bahaly daşlar bilen bezelipdir. Bu mawzoleýiň daşlarynyň ýüzüne Gurhanyň 14 süresi ýazylypdyr. Her tarapy 95 metr bolan dörtburç binýadyň üstünde gurlan Täçmahalyň beýikligi bolsa, 75 metre barabar bolupdyr. Mawzoleýiň daş-töwereginde Jahan şa ajaýyp çarbagy gurdurypdyr.

Jahan şa 1658-nji ýylda aradan çykýar we Täçmahal mawzoleýinde — aýaly Mumtaz Mahalyň gapdalynda jaýlanýar.

Häzirki wagtda ýylda 3 milliona ýakyn syýahatçynyň gelýän ýeri bolan Täçmahal dünýäniň belli ýadygärlikleriniň, «ýedi täsinligiň» biri hökmünde sanawda özüne mynasyp orun tapýar. Täçmahal dünýäde gurlan iň romantiki binalaryň biri hasaplanylýar.  

Kuwwat PÜRLIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu