Göwün küýsegiSlider

Hindi temasyndan iki goşgy

Berdinazar Hudaýnazarow

02-04-2022 / 36
  1. «Mahabharata»

Şygyrýetiň, pelsepäniň ýurdy bu.
Oýlanýaryn meger, şoňa görä-de,
Nirä barsam, düşdi durdy ýadyma,
Hindileň eposy «Mahabharata».

Agyr taryhynda bu gadymy ýurt
Daýanypdyr pähim bilen gaýrata.
Şonuň üçin ýada düşdi-de durdy,
Bu halkyň eposy «Mahabharata».

Bezemen atlylar köşgüň öňünde,
Nyzam bilen düzülipdir parada.
Näm üçindir ýada düşdi ýene-de,
Hindileň eposy «Mahabharata».

Boýnumyza gülli halka dakdylar,
(Şeýle halka dakylypdyr Gara-da!)*
Ine bu ýerde-de hakyda geldi
Hindileň eposy «Mahabharata».

Tans üçin döräpdir hindi gyzlary.
Gara hally şol gyzlara garaňda,
Ýene hakydaňa gelýär, elbetde,
Hindileň eposy «Mahabharata».

Bu ajaýyp, bu owadan toprakda,
Arzuw etdim: ýetsin her kim myrada.
Hawa, hut şu ýerde dünýä inipdir,
Durmuş pelsepesi «Mahabharata».

*Gara-da — Şahyr Gara Seýitliýew.

  1. Aktrisa bilen gürrüň

— Hindi kinosynda birje tema bar,
Olam söýgi. Ýeri, başga näme bar?

Diýip, onuň bilen gürrüň açamda,
Ak dişleri bägül ýaly açyldy.

Garaluw gözleri güldi bagtyýar:
— Dünýäde söýgüden başga näme bar?

— Hindi kinosynda aýdymdan başga,
Zat ýok — diýip bälçiredim ýamaşgan.

Ýene gara gözler ýandy bagtyýar:
— Dünýäde aýdymdan başga näme bar?

Diýip jogap berdi ol sowal bilen,
Söhbet tamamlandy 2:0 bilen.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu