Göwün küýsegiSlider

Indiki gezek syýahata çykanyňyzda…

Dostlaryňyzy üns bilen saýlaň!

01-04-2022 / 111

Iki sany syýahatçy haýallyk bilen obaň gyrasydan ýöräp barýardylar. Olaryň ugry şähere tarapdy, sebäbi iş gözleýärdiler. Syýahatçylar ýadadylar we ajykdylar.

Birdenkä, olar agajyň öňünde äpet aýyny gördüler. Birisi gorkup gaçdy-da, agaja dyrmaşdy we gizlendi.

Beýleki adam ýere ýykyldy we ölen ýaly boldy. Aýy oňa tarap geldi. Ol egildi-de, ony ysgady we onuň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Soň bolsa uzaklaşdy. Beýleki adam agaçdan aşak inip, dostunyň ýagdaýyny görmäge geldi.

— Aýy maňa birnäçe maslahat berdi — diýip, onuň ýoldaşy aýtdy. — Ol maňa: “Indiki gezek syýahata çykanyňyzda, howpuň abanan wagty sizi terk etmeýän biri bilen syýahat ediň” diýdi.

Ogulsuraý ÖWEZOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu