Türkmen hem hindi halklarynyň arasyndaky dostluk asyrlaryň çuňlugyna uzaýar. Muňa biz nusgawy edebiýatymyza we gojaman taryhymyza nazar salmak arkaly aýdyň göz ýetirýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu dostluk has-da dabaralanýar.
Hindistan diýenimizde, ilki bilen, ak bulut parçasyndanam päk söýginiň hem-de gadymy binagärligiň gaýtalanmajak nusgasy bolan Täçmahal aramgähi dessin göz öňümize gelýär. Meşhur hindi filmleri we aýdym-sazlary ýadyňa düşýär. Dogrudanam, hindi halkynyň sungat ussatlarynyň döredýän aýdym-saz eserleri hiç kimi parhsyz goýanok. Hindi mukamlaryny diňläniňde, özüňi söýginiň ümmülmez ummanyndamykaň öýdýärsiň. Her zerresine uly mähir, çäksiz söýgi siňen bu mukamlar göni ýürekleriň çuňlugyna tarap ýol salýar.
Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň özeninde hem iki dostlukly döwletiň medeniýetleriniň sazlaşygy, ösüş arkaly parahatçylygy gazanmak, ynanyşmak ýörelgeleri bar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 1 — 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň ýurdumyza boljak döwlet sapary şeýle gatnaşyklaryň ýene-de bir täze sahypasyny açar. Daşary işler ministrliginiň habar berşi ýaly, bu Hindistandan Türkmenistana prezident derejesinde guraljak ilkinji sapardyr. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň hem mundan 30 ýyl, has takygy, 1992-nji ýylyň aprel aýynda ýola goýlandygyny aýratyn bellemek gerek. Diýmek, bu taryhy saparyň hut şu aýda guralmagynyň özboluşly mazmuny bar.
Türkmenistan Hindistan Respublikasyny möhüm we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Türkmen-hindi gatnaşyklary barha işjeň häsiýete eýe bolup, bu ugurda ulgamlaýyn hyzmatdaşlyklar hem netijeli ösdürilýär. Häzir döwletara gatnaşyklaryna dostlukly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak, ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça taraplaryň özara düşünişmegi mahsus bolup durýar. Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolmak bilen, onda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyna aýratyn orun degişlidir.
Biziň halklarymyzy köp asyrlyk taryhy gatnaşyklaryň, özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigini nygtamak gerek. Häzirki döwürde bu gymmatlyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar, medeni gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Türkmenistanda Hindistanyň Medeniýet günleriniň, şeýle-de Hindistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýändigi muňa mysaldyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýat merkezlerimizde hindi filmleriniň hepdeligini guramak hem däbe öwrüldi.
Hindistanyň Baştutanynyň ýurdumyza resmi saparynyň çäklerinde şu ýylyň ýanwar aýynda geçirilen «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek ýaly ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle-de käbir resminamalara gol çekiler.
Bu şanly waka biz — geljekki halkara žurnalistler üçin möhüm ähmiýetli başlangyçdyr.
Nowruz KURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Nesip bolsa zehinli yashlarymyzyn we Hindi turkmen gatnashyklarynyn Shan sohratynyn artmagyny dileyas. Berekella!