Habarlar

12-13-nji aprelde türkmen telekeçileriniň sergisi geçiriler

01-04-2022 / 11

31-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jo­w ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň dö­re­dil­me­gi­niň 14 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 12-13-nji ap­rel­de ser­gi­niň ge­çi­ril­me­gi­niň göz öňün­de tu­tul­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Şol ser­gi­de TSTB-niň dür­li ul­gam­lar­da iş­le­ýän ag­za­la­ry­nyň 200-den gow­ra­gy ge­çen dö­wür­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­ke­zer.

Ser­gi bi­len ugur­daş­lyk­da ge­çi­ril­jek mas­la­hat­da türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri we tä­ze we­zi­pe­le­ri, hu­su­san-da, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, san­ly ul­gam­la­ry or­naş­dyr­mak, Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da hu­su­sy ul­ga­my ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.

Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na bir­leş­mä­niň dö­re­dil­me­gi­niň 14 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­riň iş me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di.

Döwlet Baştutanymyz ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň işe­wür­li­gi­niň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň onuň önüm­çi­lik se­riş­de­le­ri­ni art­dyr­ma­gyň, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na ber­ki­dil­ýän­di­gi­ni bel­le­di hem-de çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­ny ma­kul­la­p, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ser­gi­sini­dir mas­la­ha­ty­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çir­mek ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu