Aýtmaklaryna görä, mundan ençeme ýyl öň her obanyň öz sakçylary – alabaýlary bolupdyr. Eger oba nätanyş adam gelse, itler olara şübhe bilen garapdyrlar. Olar gije diýmän-gündiz diýmän, öz mesgenlerini gorapdyrlar.
Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde alabaý tohumyndaky itleriň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda gazuw-agtaryş işleri geçirilende itiň mazarlarynyň tapylmagy, gadymy türkmen alabaýlarynyň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda aýratyn orun eýeländigini aňladýar. Altyndepeden tapylan alabaýlaryň toýundan edilen, Daňdanakandan tapylan alabaýyň faýansdan ýasalan heýkeljikleriniň döredilen senesi bolsa biziň eýýamymyzdan ozalky döwre degişli bolup durýar. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan it süňkleriniň ölçegleriniň türkmen alabaýlarynyň beden gurluşynyň ölçeglerine laýyk gelmegi bu tohumdaky itleriň örän gadymydygyndan habar berýär.
Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň sesini eşidenden onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Ata-babalarymyz awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmandyrlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary galypdyr, olara maşgalalarynyň howpsuzlygyny doly ynanypdyrlar.
Häzirki wagtda türkmen alabaýlarynyň şöhraty has alyslara gol ýaýratdy. Olaryň ähmiýeti täze derejelere ýetdi. Türkmen alabaýlaryna bolan gyzyklanma dünýäde hem ep-esli artdy. Kinolog hünärmenler alabaýlaryň iň gowy tohumynyň hut Türkmenistandadygyny ykrar edýärler.
Aşgabat Aziadasynyň şekiline öwrülen gyrmyzy donly, ak telpekli Alabaý gadymy oguz nesliniň mähirlilik, myhmansöyerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, ruhubelentlik ýaly mukaddes ruhy yörelgelerini dünýä wagyz etdi. Türkmen alabaýynyň merdanalyk, hüşgärlik, başarjaňlyk, gaýduwsyzlyk wepalylyk ýaly häsiýetleri bolsa türkmen türgenlerini ýeňişden-ýeňşe ruhlandyrdy.
Halk seçgiçiliginiň tejribesini we häzirkizaman dünýä ylmynyň usullaryny ulanmak arkaly türkmen alabaýlaryny ulgamlaýyn esasda köpeltmek boýunça wezipelerden ugur alnyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy, «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezleri ulanylmaga berildi, şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk kafedrasynda kinologiýa hünäri açyldy. Milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini saklamagyň hem-de wagyz etmegiň çäklerinde türkmen alabaýynyň baýramy hem döredildi. Şeýle-de, geçen ýyl türkmen itşynaslaryna ilkinji gezek «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» ýaly hormatly atlar dakyldy.
Ýurdumyzda arassa ganly itleriň saklanylmagyna, täze ugurlaryň döredilmegine, alabaýlaryň baş sanynyň artdyrylmagyna gönükdirilen ylmy-seçgiçilik işleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna hem aýratyn orun degişli bolup durýar. Türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça alnyp barylýan asylly işler maksadalaýykdyr. Bu işleriň ählisi biz — talyp ýaşlaryň göwün guşumyzy ganatlandyrýar.
Ýusup ALLANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.