Gadymdan gelýän türkmen milli aýdym-saz sungaty özüniň dil ulgamy bilen beýleki ugurlara garanda saýlanyp durýandyr. Mysal üçin, milli saz guralymyz bolan dutaryň dünýä gelmeginiň özi türkmen diline ençeme terminleşen sözleri döredip beripdir. “Dutar” diýen sözüň özi “du” (iki) hem-de “tar” diýen umumy sözlerden goşulyp, milli saz senediniň adyny-termini emele getirýär. Türkmen dilinde “dutar”sözüniň gelip çykyşy barada dürli-dürli çaklamalar bar. Ol çaklamalaryň birinde “dutar”sözi “tut” (tut agajy) hem-de “tar” diýen sözlerden emele gelipdir. Ýagny bu söz senediniň tut agajyndan tar çekilip ýasalandygyny aňladýan termindigi nygtalýar. Elbetde, dutaryň emele gelşi hakyndaky rowaýatlaryň birini ýatlasak, onda bu çaklamalaryň hakykata laýyklygy bilen ylalaşasyň gelýär.
Rowaýatda aýdylyşy ýaly, Babagammar ilki köp tarly saz guralyny ýasapdyr. Ol saz gural şol görnüşde tebigatda bar bolan ähli owazlary emele getirmäge ukyply bolupdyr. Elbetde, saz senediniň şol ukyby bütin tebigaty özüne tabyn etmeklige dalaş edipdir. Allatagalla bu erki öz elinden gidirmezlik üçin Babagammara kirişlerini azaldyp, diňe ynsan kalby kabul eder ýaly saz senedini ýasamagy buýrupdyr. Şondan soň Babagammar kirişleriň sanyny ikä getiripdir. Ol bu ýerde, megerem, tebigatdaky ähli zatlaryň jübütdigini göz öňünde tutup, kirişleri ikä ýetiren bolsa gerek. Çünki aşygyň magşugy bar, gijäniň gündizi bar.
Babagammarly epizoddan çuňňur many alsaň, onda ”dutar” sözüniň ”tut” hem “tar” sözlerinden emele gelendigine göz ýetirse bolýar. Sebäbi, köp tarly dutara meňzeş saz senedi biziň doganlyk halklarymyzda şu güne çenli saklanyp gelipdir we olar “saz”, “dombra”, ”tar” we ş.m. atlar bilen mälimdir. Babagammar dutar ýasap bolandan soň, ondan owaz alyp bilmän kösenipdir. Bir ýerden Şeýtan peýda bolupdyr, Babagammar ony özüne şärik etse, syryny aýtjakdygyny mälim edipdir. Ýöne Şeýtan oňa özüne salam bermekligi şert edip goýýar. Babagammar ilki boýun towlaýar. Ahyrsoňy bolmajakdygyna gözi ýetip, türkmeniň “hilelilik hem batyrlykdyr ýerinde” diýen aýtgysyna eýerip, öňüne saçak ýazýar-da, Şeýtan gelende “Essalawmaleýkim” diýýär. Şeýtan heşelle kakyp gülýär-de, Babagammara dutaryndaky (şol wagtky ýok bolan) ýokarky buýnuz bilen gulagyň arasyndan perde bolmagy maslahat berýär. Şol perde boglandan soň, dutaryň häzirki owazy peýda bolýar. Şol rowaýat bilen baglanyşykly şol perde “şeýtanperde” ady bilen mälimdir. Şondan soň Şeýtan Babagammaryň üstünden gülüp, gününe goýmaýar. Şonda Babagammar özüniň Şeýtana däl-de saçaga salam berendigini aýdýar. Netijede, Şeýtan ýene ýeňilýär.
Merjen KURBANOWA,
Lebap welaýatynyň Dänew etrap çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäri mugallymy.