30-njy martda paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Saýra, dutar!» atly türkmen aýdymyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu halkara medeni çärä gatnaşan Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Moldowanyň Gagauz ülkesiniň, Russiýa Federasiýasynyň, Tatarystan Respublikasynyň aýdymçylary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
«Saýra, dutar!» atly türkmen aýdymynyň türki dilli halklaryň sungat ussatlary tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilmegi, türkmen dutaryna, halkymyzyň milli aýdym-saz sungatyna goýulýan hormat-sarpanyň uludygyny, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň barha ösdürilýändigini ýene-de bir ýola aýdyň subut etdi.
Dabaradan pursatlary dykgatyňyza ýetirýäris:
«TürkmenGazet».
Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.