
29-njy martda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» otelinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy öz işine başlady.

Bu halkara maslahat ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir hem-de ol daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistan halkara giňişlikde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Şonuň bilen baglylykda, bu halkara onlaýn foruma köp sanly abraýly daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşyp, türkmen hünärmenleri bilen ýyllarboýy toplanylan tejribelerini paýlaşmagy hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada pikir alyşmaga mümkinçilik berer.
Bu halkara onlaýn forum ýurdumyzyň hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Forum şu gün — 30-njy martda tamamlanar.
«TürkmenGazet».
Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.