HabarlarŽurnalistiň sahypasy

Akyl-paýhas bäsleşiginiň nobatdaky oýny

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 6-njy oýny geçirildi

30-03-2022 / 12

29-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binasynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 6-njy oýny geçirildi.

Bilşimiz ýaly, bu bäsleşigiň geçirilip başlanyna heniz köp wagt geçmedik-de bolsa, ol eýýäm ýaş türkmenistanlylaryň arasynda uly gyzyklanma we höwes döretmegi başardy. Bäsleşigiň bu gezekki oýny «Osman döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly mowzuga bagyşlanylyp, onuň dowamynda gatnaşyjylaryň sowallaryň aglabasyna takyk we giňişleýin jogap bermekleri hem ýaňky aýdylanlara şaýatlyk edýär. Akyl-paýhas bäsleşiginiň bu gezekki sanyna Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdepden iki, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynda bäş hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebinden bir okuwçy gatnaşdy.

Gyzgalaňly ýagdaýda geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Aýjeren Annageldiýewa  hem-de Kakageldi Akmyradow ýeňiji diýlip yglan edildiler.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňijilere we gatnaşyjylara degişli hemaýatkärler tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar hem-de gurnaýjylar tarapyndan degişli şahadatnamalar we diplomlar gowşuryldy. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 6-njy oýny ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda ýaýlyma goýberiler.

Muhammetmurat NARMEDOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu