— Essalawmaleýkim, Wagt aga!
— Waleýkim salam, keýgim!
— Wagt aga, beýle gojalypsyň, hallar niçik?
— Ýaman däl, guzym, ýaman däl. Munça bolsa şükür etmeli.
— Wagt aga, özüňi bileliň bäri ynsanam barmy?
— Ýok, ynsan özüni bileli bäri men bar
— Ynsan sizden has ýaşdyr onda?
— Ýaş barada ynsanlar gürleýäler, onuň maňa dahylly ýeri ýok. Meniň ýaşymy hasaplajak bolup görgi baryny görýäňiz. Bu häsiýetiňizem öwerlik däl.
— Haýsydyr bir zatdan ygtybarlanmaly, haýsydyr bir zat çelgi bolmalydyr-a. Onsoň aý, gün, hepde diýip, wagt belläp ýaşaýas-da.
— Howwa-la onyňyz dogry. Hiç hili tutarygyň bolmadygyndan haýsydyr bir ýapyşalgaň bolmagy gowy zat, ýöne….
— Ýönäňiz näme?
— Ol hasaplar bilenem meniň hakyky manymy açyp bilmediňiz.
— Hakyky manyňyz nämede?
— Yzygiderlilikde, üznüksizlikde.
— Adamlaram yzgiderliligiň nämedigini bilýärler ahyry.
— Onuň nämedigini bilýändirler. Ýöne hut yzygiderliligi döreden däldirler. Şonuň üçinem olar bu hakykatdan ejizdirler.
— Men-ä bu pikir bilen ylalaşyp bilemok.
— Gözel göwnüň. Ýöne hakykat şeýleräk.
— Näme üçin siz beýle morta?
— Men morta däl, kesgitli.
— Şeýle bolmak ýüregiňize düşmedimi?
— Ondan gören ýamanlygym ýok.
— Adamlara näme öwredesiňiz gelýär?
— Adamlara öwredesim gelenok, olardan garaşýan.
— Nämä?
— Meni haýyrly ulanmaklaryna. «Pylan eýýamda pylan hili iş bitirilipdir, pylan hili şäher gurulypdyr» diýilse göwnüm hoş bolýar. Oňa guwanmagy başarmaly. Bu diňe maddy barlyklar bilen bagly däl, eýsem, ruhy ahwallar, ruhy baýlyklar bilen baglam şeýle kesgitlenýär.
— Adamlar-a ähli zady wagtyň ýok edýänligine ynanyp ýörler. Siz bolsa adamlar gadyryny bilmeli diýýäňiz.
— Meniň güýjümiň ýetmeýän zatlaram bar ahyry. Ruhy baýlyklara, ýagty duýgulara, gymmatly pikirlere, söýgä güýjüm ýetenok. Ýeriň ýüzündäki zatlaryň islendigini ýok edip bilsemem ynsanlaryň ýüregindäki we hyýalyndaky närselere erkim ýetenok. Adamyň hyýaly meniň gatlarymy böwsüp bilmek güýjüne eýe. Şeýle bir ýiti hyýallar bar welin, olar duran ýerlerinde özlerine gerek zatlaryň peýda bolmagyny gazanýarlar. Ine, şeýle aňly adamlar menden geregini almak üçin jan edýärler. Meniň bir kanunym bar — hökman haklaşýaryn. Bu maňa adamlar bilen bagly has aňsat başardýar.
— Bu ýowuzlyk bolýar ahyry?
— Men ony siziň nähili atlandyrýandygynyzy bilemok. Bu maňa asla gyzykly däl. Men ony «Hökman haklaşmak» kanuny diýip atlandyrýaryn.
— Bu çenden aşa ýowuzlyk bolýar. Siziň ýüregiňizi ýumşatmagyň hiç hili ugry-ýoly ýokmy?
— Dur, gyzym, meni beýle bir ýowuzdyr öýtme. «Hökman haklaşmak» kanuny ýagşylyk edýän adamlar babatda hem hereket edýär-ä, habaryň ýokmy?
— Ýagşylygyň nämedigini bilýämikäm-ä diýýän, ýöne siziň kanunyňyzyň gylygyndan habarym ýok.
— Şeýledirem öýtdüm. Men maňa ýagşylyk edýän adamlaryň adyny başardygymdan hakydamda saklamaga çalyşýaryn. Olam edil gadymy şäherler, gymmatly sungat eserleri ýaly ýaşaýar.
— Size nädip ýagşylyk etmeli?
— Maňa ýamanlyk etmeli däl.
— Has düşnükliräk aýdyp bilmersiňizmi?
— Siziň ömrüňiz meniň üstümde geçýär, dogry dälmi? Ömrüňiziň gymmatyna düşünip, onuň ötegçiligini ýatlap, ýagşy niýetli işlere ulaşsaňyz, birek-birege mähir bilen baksaňyz, ýaşaýan ýer-ýurduňyzy apatlardan gorasaňyz meniň ýüregime hem serginlik aralaşýar. Soň birsalymdan yzyma göz aýlasam, gülleýän durmuşy, birek-biregi sylaýan adamlary görsem göwnüm hoş bolýar.
— Siz haýsydyr bir usul bilen adamlara bu barada duýdurmakçy bolup görmediňizmi?
— Men bütin ömrüme şonuň bilenem meşgullanýaryn-da.
— O nähili?
— Dogryňy aýt, Günüň doguşyny synlap gördüňmi?
— Hawa.
— Ýeri nähili eken?
— Juda ajaýyp.
— Bu edähedi gündelik endigiňe öwürdiňmi?
— Ýok, o barada pikirem etmändirin. Her gün beýle ir turmagyň nämä geregi bar?
— Wah, senem ýokdan bar bolanlygyňy inkär edýänlerden ekeniň. Bardan ýok bolşuň hem Günüň doguşyny bahalandyrşyň ýaly bolar. Gün meniň ilçim, ol her gün size wagtyň diplomatiýasynyň kanunlaryny aýan edýär. Onuň dogýan pursady bolsa şu günüň eýýäm tamam bolmaga başlandygyny aňladýar.
— Beýle berk kanunlar meni juda üýşendirýär. Belki, siz öz kanunlaryňyzy azajygam bolsa ýumşadarsyňyz?
— Bu meniň erkimde däl.
— Onda kimiň erkinde?
— Kanunlary üýtgetmekden ony dogry berjaý etmek amatly dälmi?
— Bilmedim-dä? Bu maňa başardarmyka? Özüm hiç-le, meniň nesil-neberelerime rehimliräk bolsaňyzam razy.
— Gördüňmi, ilki bilen çagalaryň ýadyňa düşäýendir. Menem öz perzentlerimi — puryjalarymy bagtly edesim gelip şu zatlary saňa düşündirýän-dä. Iň gowusy wagtyň kanunlaryny dogry berjaý etmek.
(Dowamy bar…)
Annagül NARLYÝEWA.
ajaýyp