
Häzirki zaman jemgyýetinde ylmyň ornuny hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Biz hem gündogaryň beýik söz ussady Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» kitabyna salgylanyp, ylym hakynda aýdylan parasatly pikirleri dykgatyňyza ýetirýäris.
Ylym eýelerine deňizdäki ähli balyklar, ýer ýüzündäki guşlar, suw we gury ýer jandarlary, öý haýwanlary baş eger.
***
Biliň, ylym jennet mekanlaryna barýan ýoldur. Ylym ýalňyzlykda ýoldaşdyr. Mysapyrlykda dostdur. Ýalňyz çagyň syrdaşdyr. Gizlin zatlara delildir. Darlykda kömekçidir. Dostlaryň ýanynda bezegdir. Duşmanlara garşy ýaragdyr.
***
Ylym almak barada şeýle diýipdirler: «Eger lezzet alyp bilmeseňizem ylym öwreniň. Bu meselede tankytlanmagyňyz, siziň üçin başga zat bilen tankytlanmagyňyzdan has gowudyr».
***
Pelsepeçi şeýle diýipdir: «Ylymda özüňden ökdä, nadanlykda özüňden pese tabyn bol».
***
Omar ibn Abdyleziz şeýle diýipdir: «Eger men bir zady bilmegi islesem, ony hökman okap öwrenýärdim. Eger bir zady eşidip we sorap öwrensem, onda kellämde ondan hiç zat galmaýardy».
***
Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Ynsanyň ylma hyýanat etmegi, malyna hyýanat etmeginden has erbetdir».
***
Bir adam Eflatundan:
— Sen bu ylymlaryň hemmesini edinmäge nädip güýç tapdyň? — diýip sorapdyr.
Onda ol:
— Zeýtun ýagyny çyrada bütin ömrümde içen suwumdan hem köp ýakdym — diýip jogap beripdir.
***
Ylym gowy düşünmek bilen artar, ýat tutmak bilen azalar.
***
Kagyza ýazylan ylym bilen hoşlaş, ony ýok et, kagyza ýazylan ylym kellede galmaz.
***
Araplar alym, amal edýän we öwredýän adama: «Goşmaçaly köçe» diýýärler.
***
Ylymly bolmak gynda gylyç saklaýan ýalydyr.
***
Kim çagalykdan ylym almasa, ulalanda öňe düşüp bilmez.
***
Ylym we amal biri-birine baglydyr, göýä ruh bilen bedeniň ýakynlygy ýalydyr. Eger biri bolmasa, onuň beýlekisinden peýdalanyp bolmaýar.
Güljan NAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.