Geliň, bir hakykaty elimizi ýüregimiziň üstünde goýup, boýun alalyň! Günüň dowamynda maşgalamyz, ýakynlarymyz, öýümiz, işimiz üçin bir topar topar iş edýäris. Hatda munuň şeýledigine özümiz üns hem beremzok. Bu — gowy zat. Çünki biz şolar bilen aýrylmaz bagly. Olar — biziň ýaşaýyşymyzyň sütünleri, şolar bolmasa, biz hiç kim. Ýöne bir pursat oturyp, pikirleneliň! Eýsem, biz günüň dowamynda özümiz üçin näme edýäris?!
Aslynda, gündelik durmuşymyzdaky işler şeýle bir endige öwrülipdir welin, günüň dowamynda olaryň her biri üçin zerur bolan wagty öňünden aýryp goýýarys. Çagalaryň öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirişine gözegçilik etmek, işdäki hysyrdylar, öýüň gerek-ýaraklaryny almak ýaly işler üçin käte 24 sagat hem ýetenok. Şeýdip hem halys surnukýarys. Dogry, ýaşaýyş özi hereket. Ol hereketi hem talap edýär. Ýöne, geliň, iň bolmanda ýekeje gün hemişeki gün tertibimizi üýtgedip, özümiz üçin hem wagt tapmaga synanşalyň. «Munuň näme hajaty bar?» diýilmegi hem mümkin. «Gündelik işlerimiziň işinde özümiz hakynda hem alada edýändiris-ä!» Dogry, ýöne işleriň arasynda az salymlyk dynç almak üçin wagt tapmak bilen tutuş bir güni özümize bagyşlamak deň däl. Psihologlar munuň jan saglygyna-da, uzak ýaşamaga-da täsiriniň bardygyny aýdýarlar we munuň üçin käbir maslahatlary berýärler. Olar aşakdakylardan ybarat.
Özüňiz üçin sowgat alyň!
Geň eşidilýärmi? Belki, munuň üçin üçin sebäp hem ýokdur. Doglan günüňiz hem däldir, Täze ýylam däldir… Ýöne başga-da bir zat bar. Heý, haçan hem bolsa bir mahal doglan günüňizde özüňize sowgat edip görüpmidiňiz. Ýokmy? Onda haýsydyr bir şanly senä garaşmak nämä gerek?! Onsoňam bir pikir ediň hany, iň soňky sapar zerur bolmasa-da, özüňiz üçin haçan bir zat satyn alypdyňyz, ýagny özüňize sowgat edipdiňiz?! Belki hiç haçan hem özüňize sowgat etmedik bolsaňyz gerek! Diýmek, siz şu gün özüňizi sowgat almak bilen begendirip bilersiňiz. Ýöne derrew özüňize gerekli zatlar hakynda pikir edip başlamaňda, halaýan zadyňyz hakynda pikir ediň. Ol näme bolup biler? Belki ýüzük ýa sagat, ýa-da bezeg häsiýetli bir zat hem bolup biler. Ine, görersiňiz, özüňize alan sowgadyňyz sizi şeýle bir begendirer welin, eden çykdajyňyza asla ökünmersiňiz. Diňe bu-da däl, gün tertibiňize nähilidir bir üýtgeşmäni girizip bilendigiňiz üçin ýakymly duýgulara gaplanarsyňyz. Başgalaryň aladasy siziň entek hem beýniňiziň bir burçunda durmy?! Baş üstüne! Ýakyn adamlaryňyzyň birine-de sowgat alyň! Olar begense, siz hem begenersiňiz. Aslynda, begenmek hem uly peşgeş ahyryn!
Özüňiz üçin dynç alyş gurnaň!
Zähmet rugsadyna çykyp hem ýene-de iş-güýç, alada bilen boluberýäris. Ýöne geliň, şu gezek özüňiz üçin dynç alyş gurnap görüň! Owadan ýerler tebigatyň goýnunda-da, obalarymyzda, şäherlerimizde-de kän. «Gezmek ömürden». Özem dynç alýarkaňyz, seriňizde lezzetli dynç almakdan başga pikiri kowjak boluň! Çünki lezzetli dynç alyp, işe gaýtadan girişmek yzygiderli işlemekden has netijelidir. Özem dynç aljak ýeriňizi kimdir biriniň maslahaty bilen däl-de, özüňiz saýlaň. Öý-ojak, maşgala aladalary size dynç almaga pursat berenokmy, onda iň bolman-da, iki-üç günüňizi dynç almaga bagyşlajak boluň. Ýöne, ýene bir gezek aýdýarys, başgalaryň masalahat beren ýerinde däl-de, öz islän ýeriňizde. Çünki iş döwründe «Rugsada çyksam, pylan ýere gidip bir dynç alaýsadym» diýip göwün ýüwürtmek ählimize mahsus. Onda sizi näme saklaýar?! Ýylyň dowamynda iň bolmanda iki-üç güni özüňize bagyşlap bilersiňiz ahyry!
Öz günüňizi yglan ediň
Diňe yglan etmek hem ýeterlik däl, şol gün hemme aladalaryňyzy bir çete süýşüriň. Diňe özüňiz, hawa, ýalňyz özüňiz bilen geçirilmeli güne, dogrusy, öňünden taýýarlyk görüp, ony meýilleşdirip bolar. Mysal üçin, şeýle gün aýyň dowamyndaky dynç alyş günleriniň biri bolsun! Şol gün isleseňiz balyk tutmaga gidiň, isleseňiz ulagda şähere gezelenç edip bilersiňiz ýa-da dynç alşyň başga görnüşini hem saýlap bilersiňiz. Esasy zat, siziň nämäni halaýanlygyňyz. Özüňize bagyşlan şol günüňiziň size täze gujur-gaýrat berjekdigine bolsa şek-şübhe ýokdur.
***
Adamyň özüne bolan garaýşy bilen başgalara garaýşynyň arasynda tapawudyň bardygy hakyky zat. Köpçülik bolup düşen suratyňyzy eliňize alan badyňyza, ilki bilen, kimi gözleýärsiňiz? Elbetde özüňizi. Ýöne käbir halatda özümiz, köplenç, ikinji orunda galýarys. Mysal üçin, dişimiziň sähel-mähel agyrany bilen ep-esli wagt çydap gezýäris. Ýa-da özümiz alnaýmaly kompýutere ýa telefona pul dözmän gezäýmämiz ýok däl. Ýöne olardan beteri hem özümiz üçin wagt aýryp bilmezlik. Şol wagty bolsa, islesek tapyp bileris. Göz öňüne getiriň, özümiz üçin aýran bir günümiz bizde ýakymly duýgulary döreder. Ýakymly duýgular bolsa biziň jan saglymyza täsir eder. Jan saglyk — wagty hoşluk. Wagty hoşluk — bagt. Bagt — uzak ömür.
Diýmek, ýekeje ädim biziň bagtly bolmagymyz we uzak ýaşamagymyz üçin täsirini ýetirip biljek eken. Şeýle bolsa nämä ýaýdanýarys?!
Maral HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
ajaýyp