Siziň üçin...SliderŽurnalistiň sahypasy

Ýagşy ýyl — baharyndan

Ýaz pasly bilen bagly pähimler

28-03-2022 / 27

Baharsyz pasyl bolmaz, gaharsyz — durmuş.

Durna görseň, gyş ýaragyn düz,
Leglek görseň, ýaz ýaragyn düz.

Goýun: «Ýylda iki doýýan:
Bir-ä ýaz gyrkymda,
Birem güýz gyrkymda» diýermiş.

Güýz göksüz bolma, ýaz — aksyz.

Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa — güýz.

Gyş ýaragyn ýazda tut.

Gyşyň gary — ýaza däri.

Ir düşen ýazdan gork.

Tomsuň üç aýagy suw,
Bir aýagy ot.
Ýazyň üç aýagy ot,
Bir aýagy suw.

Ýagşy gün säherinden belli
Ýagşy ýyl — baharyndan.

Ýaz güni bir palaw, gyş güni bir alaw.

Ýaz işle, gyş dişle.

Ýaz ýaýla bar, gyş — howla.

Ýazda maly aýak bilen bak, güýzde — taýak bilen.

Ýazlyk ýaltanyňky, güýzlük güýçlüniňki.

Ýazyna ýazyl, gyşyna gysyl.

Toplan Jennet ALLANAZAROWA,
Döwletli etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu