PsihologiýaSlider

Ýedi amal — ýedi gudrat

Matematikler bilen ýedilikler älimine syýahat

28-03-2022 / 184

Bilşiňiz ýaly, matematika aňyň çeýeligini ösdürmäge mümkinçilik berýän ylymdyr. Maşklaryň bedenimizi berkidişi ýaly, matematiki hasaplamalar aňymyzy türgenleşdirýär. Ýakynda «Ýedi amal — ýedi gudrat» ady bilen geçiren matematika hepdeligimizde hem amallaryň üsti bilen dogry netije çykarmagyň, derňemegiň we umumylaşdyrmagyň, logiki we abstrakt pikirlenmegiň ýollaryny okuwçylarymyza has-da giňişleýin düşündirdik.

Matematikanyň çagada pikirleniş endiklerini terbiýeleýändigini ylym bireýýäm subut etdi. Bu ylym hasaplamalary dogry ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ünslülik, tutanýerlilik, yzygiderlilik, anyklylyk ýaly häsiýetleri hem kemala getirýär. Amallary çözüp, aňymyzy baýlaşdyryşymyza laýyklykda bu häsiýetleri özümizde berkidýäris.

Munuň hakykatdanam şeýledigini matematik tapmaçalar, ýumuşlar, milliligimiz bilen bagly oýunlar bilen utgaşdyryp geçiren matematika hepdeligimizde has açyp görkezmäge synandyk. Mekdebimiziň 1-nji mejlisler zalynda geçen hepdelige gatnaşan matematika gurnagynyň agzalary, takyk we tebigy ugurly mugallymlar, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri ýokary baha berdiler.

Maral ANNAMURADOWA,

Döwletli etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň matematika mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu