
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Ruhabat dokma toplumy ýakynda synag hökmünde gülýüpek matasyny öndürdi.
— Gelin-gyzlarymyz üçin niýetlenilen ýokary hilli köýneklik matasynyň düzümi 60 göterim wiskon, 40 göterim kupra sapaklaryndan ybarat bolup, ol ýuka, galyň görnüşdedir. Ini 1,5 metre deň bolan gülýüpek matalary garyşyk gyzyl, ýaşyl, gök, goňur ýaly reňklerde synag hökmünde öndürildi — diýip, dokma fabriginiň önümçilik başlygy Arzygül Baýramowa «Biznes reklama» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy.
«TürkmenGazet».