2022-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde iň köp ulanylýan ykjam programmalaryň sanawy yglan edildi. Sanawyň ilkinji dörtlügi ünsi has özüne çekdi.
Sosial media platformalarynyň ulanylyşy barada analizleri paýlaşýan «Data.ai» 2022-nji ýylyň ilkinji hasabatyny mälim etdi. Üç ugurdaky programmalary seljerýän «Data.ai» -yň habaryna görä, birinji çärýekde ýükläp alýanlaryň sany, müşderileriň çykdajylary we aýlyk işjeň ulanyjylar, şeýle-de sosial media kanallary köpeldi.
Pandemiýa sebäpli uzak aralyk biliminiň we işewürlik modeliniň ýaýramagy bilen meşhurlyk gazanan «Zoom», 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde iň köp ýüklenilen programmalaryň sanawynda 10-njy orny eýeledi. Wideo konferensiýa programma üpjünçiligi aýlyk işjeň ulanyjylar nukdaýnazaryndan iň meşhur programmalaryň arasynda bolmazlygy, ilki geň galdyrdy.
«Facebook» iň köp ulanylan programma boldy!
«Data.ai» -niň maglumatlaryna görä, «Facebook» 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde iň köp ulanylan ykjam programma boldy. Meşhur habarlaşma platformasy «WhatsApp» ikinji orny, «Instagram» bolsa üçünji orny eýeledi.
Maglumatlardan görnüşi ýaly, sanawyň ilkinji dördüsinde bu platformalaryň eýesi «Meta» bar. Beýleki tarapdan, aýda 1 milliarddan gowrak ulanyjysy bolan «TikTok» «Data.ai» -yň sanawynda bäşinji orunda. «Amazon», «Telegram», «Twitter», «Spotify» we «Netflix» ýaly programmalar yzygiderlikde degişli orunlary eýeleýär.
Çykdajylar boýunça sanawyň lideri «TikTok»
Jübi programmalarynyň çykdajylaryny hem öwrenýän «Data.ai» -yň habarynda, ulanyjylar 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde TikTok-a has köp pul sarp etdiler. «Google» -iň eýeçiligindäki «YouTube» sanawda ikinji orny eýeledi. Meşhur tanyşlyk programmasy «Tinder» bolsa üçünji orunda.
«Disney +» we «HBO Max» şu ýyl Türkiýede işe başlar.
«Data.ai» mowzukdaky beýanynda aşakdaky maglumatlary hem paýlaşdy:
«Umuman aýdanymyzda, 2020-nji ýylyň birinji çärýegine garanyňda, iOS-da 42 göterim, Google Play-de bolsa 44 göterim artyp, iki ýylda programmalara sarp edijileriň çykdajylary 40 göterimden gowrak artdy».
«Instagram» 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde iň köp ýüklenilen ykjam programma öwrülmegi başardy. Meta bilen baglanyşykly sosial media platformasynyň esasy bäsdeşi bolsa «TikTok» -dyr.
«TürkmenGazet».