Bu söz gürrüňçilikde köp duş gelýär. Eýsem, munuň näme manysy bar?!
Bakja ekinzarlygynyň ýakasyndaky çatmada oturan adamlaryň arasynda gyzykly gürrüň gidýärmiş, her kim bir gep tapýarmyş. Biri: «Hä-äk şu wagt tamdyrdan çykan gyzgyn çörek bilen şu garpyzy iýäýseň, janyňa noş bolaýar» diýýär.
Ýene biri: «Näsini aýdýaň, türkmen ýöne ýere aýtmandyr-a «Gyzgyn çörek bilen garpyz, sowuk nan bilen sogan» diýip, onuň sözüniň üstüni ýetiren. Biri halys oturyp bilmän:
—Men Hemedanda bolamda kyrk kädiniň üstünden bökýäni gördüm, şeýle bir kynam däl eken, menem bökdüm — diýen.
Gürrüň arasyna uly dymyşlyk düşen. Ol sözi aýdanyň öwünjeňdigini hemme bilýän hem bolsa, birbada bu gepiň öwünjeňlikdigini delillendirip, garşy çykan bolmandyr. Oturanlaryň ýaşulusy:
—Inim, Hemedana gidip, bu gürrüňiň aňyrsyna ýeteli diýsek, bäri-bärde Hemedan ýok. Hemedan daş bolsa-da, kädi ýakyn, kyrk kädini hatarlap goýsunlar, bök, bökermen bolsaň! — diýen.
Öwünjeň kişi kyn ýagdaýa düşüp:
— Men kad — joýa mysalynda aýdypdym — diýip, öwünjeňlik edenini aklajak bolan.
Ýaşuly hem:
—Hä, pars dilindäki kad-joýa manysynda diýjek bolýaňmy? Aý, olam bolýar, kyrk gez joýa gazjak bolup ýörmek gerek däl. Şu suwly ene ýabyň inem ep-esli bar. Hemedan daş bolsa-da, kad ýakyn. Bök, bökýän bolsaň — diýipdir.
Ine, şondan bäri hem kimdir biri heňe gelmez öwünjeňlik etse, türkmende «Hemedan daş bolsa-da, kädi (kad) ýakyn» diýip öwünjeňi utandyrýarlar.
Nargiza MURADOWA,
Çärjew etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň mugallymy.