Siziň üçin...Slider

Elektron kagyz we elektron syýa tehnologiýasy

25-03-2022 / 9

Tehnologiýanyň ösmegi adamzadyň ýaşaýşyna täzelikleri getirýär. Global internet tory okyjylaryň kitap okamaga bolan mümkinçiliklerini ýeňilleşdirdi we giňeltdi. Indi sanlyja sekuntlarda islendik kitaby alyp okap bolýar.

Kitaplaryň elektron görnüşine islegiň uludygy öndürijileri döwrüň talabyna laýyk täze tehnologiýany oýlap tapmaga mejbur etdi. Elektron kagyzlaryň täze görnüşi elektron syýanyň tehnologiýasy lukmançylykda giňden ulanylýan elektroforez hadysasyna esaslanýar. Şeýlelikde, şekiller gaty pigment bölejiklerde, mikrogurluşly materialda – süýümden edilen kagyz ýaly materialyň ýüzünde peýda boldy.

Aşagynda ýagtylyk berilmegini talap edýän ozaldan ulanylyp gelýän matrik ekranlara garanyňda elektron syýa serpikdirilen ýagtylykda şöhleleri emele getirip, ol adaty kagyzyň ýüzünde bolup geçýär. Elektron syýa ulanylýan enjamlarda energiýa diňe şekili emele getirmek üçin harçlanyp, soňra şekilleriň elektrik energiýasyny ulanmazdan uzak wagtlap saklanýar. Elektron kagyzlaryň beýleki möhüm artykmaçlygy hem görüş aralygy bolup, ol adaty kagyzlary görmek aralygy bilen deňdir. Emma şeýle kitap okalanda, oňat ýagtylyk düşmelidigini unutmaly däl. Okamak üçin şunuň ýaly elektron enjamy aşakdan ýagtylandyrylmaýar. Şonuň üçin daşardan düşýän ýagtylyk bolsa pes ýagtylyk şertlerinde adaty kagyz kitaplary okanyň bilen deňdir. Matrik ekranlar bolsa şeýle kemçiliklerden halasdyr. Enjamlarda şekilleriň daşdan düşýän ýagtylyk çeşmeleriniň nähilidigine garamazdan, hemişe aýdyňdyr. Häzirki wagtda eýýäm reňkli elektron syýaly enjamlar ulanylyp başlandy. Munuň özi okyjylaryň saglygyny goramak baradaky aladalar bilen utgaşyp gudýär. Elektron kitaplary islendik ulgamda ulanmak üçin amatlydyr.

Farruh BABAŽANOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu