PsihologiýaSlider

Aýlawly ýoluň ahyry

24-03-2022 / 16

Aýlawly ýoluň ahyrynda datly miweli, goýry saýaly jennetiň bardygyny bilýän adam yhlas bedewini debsilemegiň deregine nebis atyna çapsa, wagtlaýyn lezzetleriň löderesini başyna çekip, bulanyk duýgular başyny sämetse, onuň pellehana ýetmezden atdan agjakdygy hem-de hakyky sylagy, mertebäni, beýikligi, belentligi gazanyp bilmejekdigi köre hasadyr.

Köpimiz öz ýanymyzdan durmuşda uly üstünliklere ýetendigimiz bilen buýsanýarys, özgelere aýdyp, ýaňzydyp ýörmesegem, içimizden bir ses biziň “juda akylly we ugurtapyjydygymyzy”, öňümizde anyk we aýdyň maksatlary goýmak arkaly köp zady gazanandygymyzy, uly üstünliklere ýetendigimizi pyşyrdap dur. Ýöne köpimiz, geň görünse-de, durmuşda nämäniň dowamly we wagtlaýyndygyny hem anyk kesgitläp bilemzok. Bagt ynsanyň öz içinden dömýändir, ol daşyndan getirilýän zat däldir. Eger-de bagt ynsan kalbynda biten bir daragt bolsa, onda ynam we ynanç şol daragtyň içýän suwy, iýmiti, howasy we ýagtylygy-nurudyr. Mahlasy, öz beýik maksatlaryň üçin irginsiz zähmet çekmeli. Şonda durmuşyň hupbat däl-de, muhabbetdigine aýdyň göz ýetireris.

Ownuk-uşak gündelik alada-hysyrdylara güýmenip ýörşümize ömrümiz üçin gaýragoýulmasyz işlere perwaý etmeýäris. Özümize ähmiýetli zatlary adaty zatlardan aýyl-saýyl edip bilşimize görä, ömrüň gymmaty we manysy artýar. Durmuşymyzdaky möhüm hem-de has möhüm zatlary saýgaryp seljermek üçin akyldar düşbüligimizden peýdalanmak gerek. Ilkinji nobatda, biziň üçin iň haýyrly we iň zyýanly zadyň nämedigini bilmek, olary inçeligi bilen öwrenmek, takyklamak wajypdyr. Biz işimizden, hereketimizden az-owlak haýyr tapsak, özümizi bagtly saýyp, şeýle bir begenýäris, ýöne azajyk dykgat etsek, şol ýerden has köp haýyr gazanyp boljakdygyna üns bermeýäris.

Şonuň üçinem biz durmuş tejribelerimize daýanyp, özümiziň bagta ýaran ertirimizi elimiz bilen gurup bileris.

Feruza ALLANAZAROWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu