PsihologiýaSlider

Döredijilikli zähmet ― üstünligiň girewi

24-03-2022 / 43

Mugallymlaryň öz işine döredijilikli çemeleşmeginde, okuwçylara öz ýoldaşlarynyň toparyň üstünligine begenmegi, kemçiligine gynanmagy öwredip, işiň dürli görnüşlerinde özüni alyp barmaga şert döredýärler. Okuwçylaryň zähmetiň dürli görnüşlerine gatnaşmaklarynyň netijesinde toplan tejribesi öz-özüni tanamak, tebigy zehinini ýüze çykarmaga şert döredýär diýip, mugallymlar belleýärler.

Mugallymlaryň okuwçylar bilen aragatnaşyk saklamagynda sözi, intonasiýasy, mylaýym ýylgyrmak, mähirli seretmek, amaly täsir esasynda bolup, okuwçylarda ruhubelentlik özbaşdak ýerine ýetirilen işine guwanmak ýaly ýagdaýlara alyp barýar.

Synpdaky ähli okuwçylar mugallymyň üns merkezinde saklanýar, okuwçylarda mugallymyň ähli okuwçylaryna deň derejede üns merkezindedigine düşünýärler we ony duýýarlar.

Mugallymlaryň okuwçylar bilen işlemekde sapakda dürli usullary peýdalanmagy okuw işleriniň hilini ýokarlandyrmana kömek edýär. Biziň mugallymlaryň döredijilikli işlemeginde wagtdan peýdalanmagyň möhüm ähmiýetiniň bardyr. Şol sebäpden  olar wagty tygşytlamagy zerur bolup durýar.

Türkmen ylmy, türkmen ykdysadyýeti, türkmen jemgyýeti bir ýerde durman, gündelik ýokary ösüşlere eýe bolýar. Her minut, her sagat bize täze-täze şatlykly we buýsançly täzelikleri buşlaýar. Bu möhüm tizlikleri öz wagtynda gyzgyny bilen okuwçylaryň aňyna ýetirmek, olaryň özüni bu bolup geçýän özgerişlikleriň içinde duýmaklaryny gazanmak üçin, mugallymlar öz işini ylmy esasda guramaklykdan ugur alyp, döredijilikli işlemek, öz wagtyny tygşytly peýdalanmagy başarmak we okuwçylara-da zähmetini guramakda wagtdan peýdalanmagyň zerurdygyny diňe bir düşündirmek däl-de, olary wagtdan peýdalanmaga taýýarlamagyň ýollaryny gözlemegi zerurdyr.

Okuw prosesinde  wagty tygşytlamak iň wajyp guramaçylyk meseleleriň biridir. Wagt bolsa – pelsepe, guramaçylyk, ykdysady, durmuş, pedagogika, psihologiýa, fiziologik hakykatyň has umumy hadysalaryny aňladýan esas bolup durýar. Adam üçin wagt beýik mugallymdyr. Okuwçynyň mugallymyň öňünde  jogap berişi ýaly,wagta seresaply çemeleşmekligi endik etmek her bir şahsyýetiň esasy borjudyr. Sebäbi wagtyň gymmaty ýok, ol hemmelere mugt berilýär. Adamlaryň ony bisarpa tutmaklarynyň sebäbi-de belki şondadyr. Beýleki tarapdan seredileninde ol bibahadyr. Wagtdan daşary adam ýaşaýşy, ösüşi bolup bilmez. Şonuň üçin-de wagt anyklylykdyr.

Akmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu