23-nji martda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş ýubileýi mynasybetli dabara geçirildi.
Duşuşykda opera aýdymçysy, ýurdumyzyň ilkinji wokalçysy bolan halypanyň ýerine ýetiren aýdymlary ýygnananlarda ýakymly täsir galdyrdy. Esasan-da, şahyr Gurbannazar Ezizowyň, Geldi Bäşiýewiň, Döwletgeldi Annamyradowyň, Allaýar Çüriýewiň sözlerine, Nury Halmämmedowyň, Rejep Rejebowyň, Daňatar Hydyrowyň sazlaryna döredilen «Uzak ýaşa, Arkadag!», «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok», «Aşgabat», «Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi», «Şahyr ýüregi», «Gyzlaryma», «Gel, obamyň lälesi», «Dostlaryma» ýaly aýdymlary şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Arhiw ýazgylaryndan taýýarlanylyp görkezilen wideoşekiller duşuşygyň täsirliligini has-da artdyrdy. Şeýle-de duşuşykda ussat aýdymçynyň bile işleşen ýoldaşlary, halypa ýazyjydyr şahyrlaryň çykyşlaryna-da giň orun berildi.
«TürkmenGazet».