
Russiýanyň Moskwa awiasiýa institutynyň «Sanly tehnologiýalar we maglumat ulgamlary» bölüminiň inženerleri tarapyndan ýörite küşt oýnamaga ukyply bolan robot «goly» döredildi. Roboty döredijileriň bellemegine görä, ol başga-da birnäçe maksatlar üçin hem peýdalanylyp bilner. Özboluşly akylly enjam manipulýatordan we dolandyryş ulgamyndan ybaratdyr. Şeýle-de robotda küşt oýnunda oýnuň gidişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän wideo kamera hem oturdylan.
Robot algoritmler esasyndan küşt tagtasyndaky ornuny we göçümleri tanap bilýär. Hereketiň ýerine ýetirilmegi onda ornaşdyrylan dolandyryş ulgam arkaly amala aşyrylýar, dolandyryş algoritmleri ulanylyp bölekler tertipleşdirilýär. Bu döredilen akylly robot küşt tagtasynda garşydaşyna (adama) garşy göçümleri doly ýerine ýetirip bilýär. Hünärmenleriň pikiriçe, häzirki wagta çenli ony döredijileriň hiç biri-de küşt oýnunda ony ýeňip bilmedi. Geljekde bu akylly enjama adamyň özüni alyp barşyna mahsus alamatlary ornaşdyrmak üçin ses interfeýsi modulyny we özüňi alyp barmaklygyň modulyny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa oýun wagtynda oýunçynyň öz garşydaşy bolan robot bilen gürleşip bilmekligine mümkinçilik berer.
Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.