Gapyňyza golaý ýabyň boýunda
Gazypdyrlar süýji suwly guýyny.
Indi telim gündür şu ýola gatnap,
Köşeşdirýän dyňzap gelýän duýgymy.
Onuň gazlan ýerem jüpüne düşen,
Üstesine, nabat deýin çeşmesi.
Ýöne men şu ýere golaý ýerleşen
Bir gözeliň päk yşkynyň teşnesi.
Günde duýgularyň horjunyn dördüm,
Oňa bolan yşkym juda güýjedi.
Hatda soňabaka, boş gürrüň däldir,
Şol guýynyň suwy hasam süýjedi.
Bilseňiz, bu ýerde juda hökmandyr
Ol gözeliň eýläk-beýläk geçmegi.
Soňky günler endigime öwürdim,
Köp güýmenip, suwy süzüp içmegi.
Ine, şeýdip, geçiripjik düýnleri,
Ortalykda guýy boldy gatnawym.
Aslynda-ha, guýudanam ileri
Sensiň meniň baş maksadym, matlabym.
Şatlyk HUDAÝNAZAROW.