PsihologiýaSlider

Ýatkeşligiň çägi barmyka?

23-03-2022 / 22

Zehinlilik, ýatkeşlik adama Alla tarapyndan berlen bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Biziň ýadymyzyň öz häsiýeti we gylyklary bardyr. Onuň çagalykda gören zatlaryny köp ýyllaryň dowamynda saklap, bir sagat mundan ozal öwrenilen formulany bolsa ýatlamakdan boýun gaçyrmagy mümkindir.

Ýat beýniniň döredijiliginiň esasydyr. Biziň ýadymyz — bu biziň özümiz, adamlara bolan gatnaşygymyz. Adamlar gadym zamandan bäri ynsan üçin ýatkeşligiň nämedigine gowy düşünipdirler. Ýatkeş bolmasaň öndürijilikli zähmet bilen meşgullanyp bolmaýandygyny bilipdirler. Ajaýyp zehinler we geniler aýratyn ýatkeş bolupdyrlar. Taryhçylaryň tassyklamagyna görä, Ýuliý Sezar we Aleksandr Makedonskiý 30 000-e golaý esgerleriniň atlaryny ýatdan bilipdirler we olary ýüzünden tanapdyrlar. Meşhur matematik Leonard Eýler sanlary ýatlamakda adamlary haýran galdyrypdyr. Ol ýüze çenli sanlaryň ilkinji altynjy derejelerini ýatdan bilipdir. Akademik A.F.Loffe logarifmleriň tablisasyndan ýatdan peýdalanypdyr. Belli rus matematigi S.A.Çaplygin bäş ýyl mundan ozal bir gezek peýlanan telefonynyň belgisini ýalňyşman aýdyp bilipdir. Beýik rus küştçüsi Alehin 30-40 sany garşydaş bilen ýatdan (düzümi görmän) bir wagtda küşt oýnap bilipdir. E.Gaon diýen adam bütin ömründe okan 2500 sany kitabyň hemmesini ýat tutupdyr, ol hiç pikir etmän okan sahypany ýatdan aýdyp beripdir. Döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň fenomenal ýatkeşligi baradaky maglumatlara ýüzleneliň. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Linkolnyň iň şowly çykan şekilleriniň birinde Nýu Djersi ştatynda ýaşaýan, prezidenti diňe bir gezek gören suratkeş çekipdir. Rus gazetleriniň biriniň habarçysy Şereşewskiniň ýatkeşligi metbugatda belli bolan maglumatlaryň hemmesinden tapawutlydyr. Onuň ýatkeşliginiň  çägi ýok diýseň hem boljak. Şereşewski hek bilen  tagtada ýazylan sanlara üns berip seredenden soň, gözüni ýumup, bir gapdala öwrülip ýazylan sanlary tertip boýunça aýdyp bilipdir. Ol belli bir sütündäki sanlary hem ýalňyşman aýdyp bilipdir. 20 sandan ybarat bolan tablisany bolsa 35-40 sekuntda ýatlapdyr. 50 sandan ybarat bolan tablisany bolsa 2.5-3 minutda ýatlap bilipdir. Dünýä belli matematik we kibernetik Fon Neýmanyň hasaplamalaryna görä, adamyň beýnisi 10 20 birlik maglumaty özünde ýerleşdirip bilýär. Beýle diýildigi, her bir adam dünýäniň iň uly kitaphanasyndaky millionlarça tomlardaky maglumaty ýatlap biler diýildigidir.

Ýokardaky mysallar adamyň ýatkeşliginiň iň ýokary mümkinçiliklerini görkezýär. Her bir adam ýatkeşligini giňeldip, çuňlaşdyryp, gizlin mümkinçiliklerini peýdalanyp, özi üçin berlen derejelere ýetip biler. Ýatkeşligi güýçlendirmegiň esasy usullarynyň biri-de gaýtalamakdyr. Tokaýda köp ýörelip geçilýän ýerlerde ýodajygyň döreýşi ýaly, ýat hem köp gaýtalanýan zatlaryň yzyny galdyrýar.

Žanna AITOWA,

Türkmenabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu