
Her ýylyň 23-nji martynda BMG-niň howandarlygyndaky Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň başlangyjy bilen 1961-nji ýyldan bäri Bütindünýä Meteorologiýa Güni bellenilip geçirilýär.
1950-nji ýylyň 23-nji martynda Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy (WMO) Konwensiýasy güýje girdi we şol guramanyň döredilendigini yglan etdi. Häzirki wagtda bu guramanyň düzüminde 187 sany agza döwlet we 6 sebit bar. Türkmenistanyň ilkinji meteorologiýa býurosy 1926-njy ýylyň 14-nji iýulynda döredilendir.
Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň esasy iş ugry dürli ýurtlara meteorologiýa we gidrologiýa hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde ýardam bermekden ybaratdyr. Bütindünýä Meteorologiýa Guramasy howa we suw meseleleri bilen iş salyşýar we ony emele getirýän ýurtlar esasan atmosferanyň, gury ýerleriň, deňizleriň, ummanlaryň, derýalaryň ýagdaýy barada amaly maglumatlary alyş-çalyş edip, üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu gurama agza ýurtlaryň milli meteorologiýa we gidrologiki hyzmatlarynyň özara täsirini güýçlendirýär, meteorologiýanyň döwlet meteorologiýa hyzmatlarynda, oba hojalygy, awiasiýa, gämi gatnawy, daşky gurşaw, suw we betbagtçylyklary azaltmakda ulanylmagyny öňe sürýär. Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň iň möhüm üstünlikleriniň arasynda bütindünýä klimat gözleg maksatnamasynyň döredilmegi we “Dünýä howa gözegçiligi” -niň döredilmegidir. Guramanyň iň wajyp wezipesi howa we suw meselelerini çözmekden ybarat bolup durýar.
Bütindünýä meteorologiýa gününiň geçirilmeginiň esasy maksady, köpçüligi howanyň üýtgemegi netijesinde bolup biljek netijeler barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin geçirilýär. Hakykatdanam, häzirki wagtda howanyň çalt üýtgemegi adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan iň möhüm ekologik meseleleriniň biridir. Bu diňe bir howa şertleriniň üýtgemeginde, temperaturanyň ýokarlanmagynda ýa-da peselmeginde ýüze çykman, suw joşmasy, guraklyk, sunami ýaly weýrançylykly betbagtçylyklara hem sebäp bolup biler. Bu bütindünýä gün mynasybetli her ýyl bir mowzuga bagyşlanan degişli mahabat çäreleri hem geçirilýär. Şeýlelik-de, dürli ýyllarda “Geljekdäki howamyz”, “Howa, suw we durnukly ösüş”, “Howpuň öňüni almak we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini azaltmak”, “Polýar meteorologiýa: global täsirlere düşünmek” atly şygar astynda birnäçe çäreler geçirildi.
Laçyn BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.