SliderTagamlary taýýarlamak

Kagyz kebaby

Eger-de siz gysga wagtyň içinde 6 adamlyk kagyz kebabyny taýýarlamak isleýän bolsaňyz, onda bu reseptden peýdalanyp bilersiňiz!

22-03-2022 / 16

Gerekli önümler:
500 gram sygyr eti;
2 sany käşir;
Iki sany ýeralma;
2 sany pomidor;
1 bulgur gaýnadylan nohut;
1 nahar çemçesi tomat;
Bir bulgur gyzgyn suw;
1/2 käse zeýtun ýagy;
20 sany kiçi sogan;
1 çaý çemçesi garaburç;
1 çaý çemçesi gyzyl burç (üwelen);
Bir çaý çemçe kekik;
1 çaý çemçe duz;
6 bölek lawaş;
Maslahat: Ilki bilen ähli bişirjek önümleriňizi dograsaňyz, özüňize aňsat bolar.
Taýýarlanylyşy:
Uly gazana ýagy guýup, daşy aýrylan kiçi soganlary gazanda gowruň.
Birki minut gowranyňyzdan soň, içine eti atyp, gazanyň gapagyny ýapyň.
Etleriň suwy çykyp başlansoň, tomady we gyzgyn suwy goşup, garyň. Takmynan, 10 minut şeýle bişmegine dowam etsin.
Gabyklaryny arassalap, kub şeklinde dogran ýeralmalaryňyzy, käşiri we pomidory hem gazana atyň.
Gök-önümler ýumşaýança 15 minut bişiriň. Arasynda garyp duruň.
Gök-önümler ýumşandan soň, nohudy we duz burçuny goşup 3 minut ýaly bişirip, nahary otdan aýyryň.
Ýagly kagyzlary alyp, etli nahary 6 bölege (porsiýa) bölüň.
Kagyzlary doly nahar dökülmez ýaly ýapyp, peç gabyna ýerleşdiriň.
190 gradusly ilki gyzdyrylan peçde 30-35 minut bişiriň. Soňra işdämenlik bilen iýiň. Işdäňiz açyk bolsun!

Medine SERDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu